Premýer ministr Binali Ýyldyrym DKTR-da saparda bolýar

Prezident Akynjy bilen Premýer ministr Ýyldyrym özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berer

688197
Premýer ministr Binali Ýyldyrym DKTR-da saparda bolýar

Iş sapary bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna giden Premýer ministr Binali Ýyldyrym Erjan howa menzilinde resmi dabara bilen garşylandy.

Premýer ministr Ýyldyrym iş saparynyň çäginde ilki DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen duşuşar.

Prezident Akynjy bilen Premýer ministr Ýyldyrym özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berer.

Premýer ministr Ýyldyrym saparynyň çaginde DKTR-nyň Jemhuriýet mejlisiniň başlygy Sibel Siber we Premýer ministri Hüseýin Özgürgün bilen hem duşuşar.

Saparyň çäginde Kipr meselesiniň çözülmegi maksady bilen geçirilýän gepleşiklerde ýetilen soňky sepgit giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

 



Degişli Habarlar