Hojaly etrapçasynda ermeniler tarapyndan edilen gyrgynçylyk ABŞ-da protest edildi

Bosniýa-Gersogowinanyň paýtagty Saraýewoda geçirilen halkara maslahatynda “Hojaly Gyrgynçylygyny” ara alyp maslahatlaşdy

680673
Hojaly etrapçasynda ermeniler tarapyndan edilen gyrgynçylyk ABŞ-da protest edildi

“Hojaly Gyrgynçylygyndan” bäri göni 25 ýyl geçdi.

Azerbaýjanyň Daglyk Garabag awtanomiýasynyň Hojaly etrapçasynda ermeniler tarapyndan edilen gyrgynçylyk ABŞ-da protest edildi.

Alty ýurduň alymlary we syýasatçylary hem Bosniýa-Gersogowinanyň paýtagty Saraýewoda geçirilen halkara maslahatynda “Hojaly Gyrgynçylygyny” ara alyp maslahatlaşdy.

1922-nji ýylyň 26-njy fewraly taryhda gara sahypa hökmünde galdy.

Azerbaýjanyň Hojaly etrapçasynda şol gije ermeni güýçleri 106 sanysy zenan, 83 sanysy çaga, 613 raýat gyryldy.

Gyrgynçylygy ýatdan çykartmak islemeýän we zalymlaryň kazyýet işine çekilmegini talap eden demonstrantlar ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda jemlenşdiler.

Ýer Ermenistanyň Waşington şäherinde ýerleşýän ilçisihanasynyň öňi.

Ermenistanyň basyp alan ýerlerinden dessine çekilmegini islän demonstrantlar, halkara jemgyýetçiligine ýüzlendi we gyrgynçylygyň ýatdan çykarylmazlygyny isledi.

 Hojaly gyrgynçylygynda pida bolanlar üçin ABŞ-nyň dürli şäherlerinde-de hatyralama çareleri geçirilýär.

Hojaly gyrgynçylygy şol ýyllarda serp gyrgynçylygyny başdan geçiren Srebrenisanyň gussasyny unutmadyk Bosniýa-Gersogowinada-da hatyralandy.

Alty ýurduň alymlary we syýasatçylary hem Bosniýa-Gersogowinanyň paýtagty Saraýewoda geçirilen halkara maslahatynda “Hojaly Gyrgynçylygyny” ara alyp maslahatlaşdy.

Azerbaýjanyň Serbiýadaky ilçisi Eldar Hasanow Halkara Saraýewo uniwersitetinde geçirilen maslahatda TRR-ä beren beýannamasynda ýurdunyň halkara jemgyýetçiliginde adalata garaşýandygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar