Halkara derejede gözlegde bolan Lapşin Azerbaýjana gaýtarylyp berildi
Azerbaýjanyň territorial bütewiliginiň bölünmegi üçin çagyryş beren halkara derejede gözlegde bolan blogger Aleksandr Lapşin Azerbaýjana gaýtarylyp berildi
668024

Azerbaýjanyň Döwlet howpsyzlyk gullugynyň işgärleriniň gözegçiliginde paýtagt Bakuwa getirilen blogger Lapşin 2016-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Belarussiýada tussag edilipdi.
Belarussiýanyň Prokuraturasy hem Lapşiniň yzyna gaýtarylyp berilmegi barada karar kabul etdi.
Lapşin döwlediň serhedini bikanun ýollardan geçmek we Azerbaýjanyň territorial bütewiliginiň bölünmegi üçin çagyryş bermek ýaly aýyplamalardan günäkärlenýär.