Hazarýaka ýurtlaryň wekilleri Bakuwda jemlendi

Hazaraýaka ýurtlaryň wekilleri Azerbaýjanyň paýtagty Bakuw şäherine ýygnandylar

658889
Hazarýaka ýurtlaryň wekilleri Bakuwda jemlendi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halef Halefowyň ýolbaşçylygyndaky maslahata Russiýa, Eýran, Türkmenistan we Gazagystan ýaly ýurtlardan gelen resmiler we hünärmenler gatnaşdylar.

Halefow maslahatda eden çykyşynda şu günki güne çenli Hazar deňiziniň ýuridik statusyny kesgitlemek ugrunda netijeli işleriň geçirilendigini mälim etdi.

Döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şu günki güne çenli Aşgabat, Tähran, Bakuw we Astana şäherlerinde 4 aýry maslahatyň geçirilendigini ýatladan Halefow Bakuw we Astana maslahatlarynda döwletlere degişli suwlaryň uzynlygynyň we Hazar deňizindäki hyzmatdaşlyklaryň ýörelgeleriniň kesgitlenendigini belledi.

Halefow indiki maslahatda statusyň dolulygyna kesgitlenmegini göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar