Azerbaýjanda FETÖ degişli uniwersitet ýapyldy

Uniwersitetiň talyplary beýleki uniwersitetlere ornaşdyrlar

654268
Azerbaýjanda FETÖ degişli uniwersitet ýapyldy

 

Azerbaýjanda Fetullahçy terror guramasy FETÖ degişli mahaly döwlet eýeçiligine alynan Kawkaz uniwersiteti ýapyldy.

Kawkaz uniwersitetinden berlen ýazmaça beýanatda Döwlet eýeçiligindäki nebit firmasy SOCAR-a degişli uniwersitetiň firmanyň Halkara bilim merkeziniň karary bilen ýapylandygy habar berildi.

Degişli kararyň Resmi gazetde çap edilendigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň Bilim ministrliginden berlen beýanatda bolsa uniwersitetiň talyplarynyň beýleki uniwersitetlere ornaşdyryljakdygy bellenildi.

 

 

 



Degişli Habarlar