Azerbaýjan TANAP taslamasy üçin 400 million dollar karz alar
Bütindünýä Banky bilen Azerbaýjanyň hökümetiniň arasynda Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasy üçin 400 million dollarlyk kredit şertnamasyna gol çekildi
652856

Bütindünýä Bankynyň Bakuwdaky ofisinden berilen beýanatda TANAP taslamasynyň maliýeleşdirilmegi üçin 30 ýyl möhlet bilen 400 million dollarlyk kredit üçin ylalaşyk gazanylandygyny mälim edildi.
Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirilmegi meýilleşdirýän Günorta Gaz koridory taslamasynyň iň uly bölegini emele getirýän TANAP-yň 2018-nji ýylda gurulyp gutarylmagyna garaşylýar.
TANAP taslamasyndan ilkinji tapgyrda 6 milliard kub metr Türkiýä bolmak bilen jemi 16 milliard kub metr tebigy gaz akdyrylar.
Degişli Habarlar

Azerbaýjanda 991 Sany Mina Tapyldy
Minalaryň II Garabag urşundan soň 2021-nji ýylda Ermenistanda öndürlendigine üns çekildi.