Görogly seýilgähi gurular

Seýilgäh Orta Aziýadan Balkanlara çenli uzap gidýän Türk dünýäsini Boluda duşuşdyrmagy maksat edinýär

644573
Görogly seýilgähi gurular

 

Halkara türk dünýäsiniň Görogly seýilgähiniň gurluşygyna şu ýyl başlanar.

Boluda guruljak seýilgähde 30 metr belentligindäki heýkel, muzeý, ylmy barlag we kongres merkezi bilen birlikde teatr we çaýhana bolar.

Seýilgäh Orta Aziýadan Balkanlara çenli uzap gidýän Türk dünýäsini Boluda duşuşdyrmagy maksat edinýär.

Görogly seýilgähi halkara türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan geçirlen bäsleşikde ýeňiji bolan gazak binagär Ýedil Tussibbekow bilen heýkeltaraş Murat Mansurowyň taýarlan taslamasyna laýyklykda gurlar.

Şäher häkimi Alaaddin Ýylmaz, Balkanlardan Orta Aziýa çenli ýakyndan tanalýan halk gahrymany Göroglyny dünýäde marka ýagdaýyna getirmegi maksat edinýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar