Gazak hökümetinden ýurda gelýän türk raýatlaryna ýeňillik

Gazagystanyň wiza erkinligini paýtagt Astanada geçiriljek Halkara EXPO 2017 fuary sebäpli döredendigi habar berildi

Gazak hökümetinden ýurda gelýän türk raýatlaryna ýeňillik

Gazagystanda 5 günden köp galjak daşary ýurtly raýatlaryň Içeri işler müdürliginde bellige alynmaklary türk raýatlaryň üçin 30 güne çenli artdyryldy. Bellige alynmalar bolsa ýurduň gümrük gapylarynda ýerine ýetirilip bilinýär.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden alynan maglumata görä Gazagystan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasy we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen birlikdr BAE, Malaýziýa, Singapura we Monako ýaly ýurtlara wiza erkinligini döretdi.

Gazagystanyň wiza erkinligini paýtagt Astanada geçiriljek Halkara EXPO 2017 fuary sebäpli döredendigi habar berildi.


Etiketkalar: EXPO 2017 , Gazagystan , wiza , türk , raýat

Degişli Habarlar