Hazar deňizinde Azerbaýjana degişli nebit platformasy çökdi

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam dereksiz ýitdi

631350
Hazar deňizinde Azerbaýjana degişli nebit platformasy çökdi

Hazar deňizinde Azerbaýjana degişli nebit desgasynyň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam dereksiz ýitdi.

Ýerli wagt bilen sagat 05:00-da güýçli ýeliň täsiri bilen 150 metr uzynlygynda bolan platforma çökdi.

Azerbaýjanyň döwlet Nebit kärhanasy tarapyndan berilen beýanatda wakanyň bolan wagty 5-si nobatda duran, 5-si bolsa iş alyp barýan jemi 10 adam deňize gaçyp ýitendigi habar berilýär.

Ýiten işgärleriň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri geçirilýär.

Hadysanyň näme sebäpli bolandygyny anyklamak üçin ýörite topar döredildi.



Degişli Habarlar