Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy Ankarada bellenilip geçildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky İlçihanasynyň guramagynda paýtagt Ankara şäherinde döwlet garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly agşam geçirildi

607859
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy Ankarada bellenilip geçildi

Dabaraly agşamy açan Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi İşanguly Amanlyýew, agşama gelenleri gutlap, Türkmenistanyň 25 ýyllyk garaşsyzlyk döwründe ýeten sepgidi, gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berdi.

İ.Amalyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça durmuşyň ähli ugurlarynda, senagatda, sportda, medeniýetde, ylymda-bilimde ykdysadyýetde gazanylan uly üstünlikleriň halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna goşant goşýandygyny aýtdy.

İki doganlyk ýurduň, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar barada-da durup geçen İlçi İ.Amalyýew, nusgawy gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn kämil derejä ýetendigini nygtady.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşan Türkiýäniň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Fatih Metin bolsa, dabara gatnaşyjylary gutlap, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda 25 ýyllyk döwürde ösen gatnaşyklaryň seýrek gabat gelýän nusgawy häsýete eýedigine ünsi çekdi.

Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Fatih Metin, esasanda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň pajarlap ösendigini, söwda dolanşygynyň, kärendeçiligiň, ylym-bilim we beýleki pudaklaryň hem buýsançly sepgitlere ýetenedigini takyk görkezijiler bilen beýan etdi.

Dabaraly agşama Türkiýäniň ozalky Energetika ministri Taner Ýyldyz, Türkiýe-Türkmenistan Mejlisara Dostluk Toparynyň ýolbaşçysy, halk deputaty Metin Gündogdy, Türkiýäniň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkiýedäki diplomatik wekilleri, alymlar, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, intelligensiýanyň wekilleri, Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary, metbugatyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkiýäniň ozalky Energetika ministri Taner Ýyldyz öz gutlag sözünde, iki doganlyk halkyň gatnaşyklarynyň Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözleri bilen aýdylanda süňk doganlygyna esaslanýan gatnaşyklarynyň mundan beýläkde ösmegini arzuw edip, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny gyzgyn gutlady.

Türkiýe-Türkmenistan Mejlisara Dostluk Toparynyň ýolbaşçysy, halk deputaty Metin Gündogdy bolsa, taryhy we medeni taýdan asly bir türkmen hem-de türk halklarynyň nusgawy gatnaşyklara eýedigini, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde durmuşa geçirilýän möhüm işleriň öz netijesini berýändigini görmekden buýsanýandyklaryny nygtap, döwlet garaşsyzlygynyň baky bolmagyny arzuw etdi.



Degişli Habarlar