Türkiýäniň Daşary işler ministri Gazagystanda saparda bolýar

Gazagystanda saparda bolýan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bu ýurda Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň Türkiýä beren goldawyna sag bolsun aýtdy

593407
Türkiýäniň Daşary işler ministri Gazagystanda saparda bolýar

Daşary işler ministri Çawuşogly gazak kärdeşi Erlan Idrisow bilen ilki ikiçäk, soň bolsa topara gepleşikler geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda 2017-nji ýylda Prezident derejesinde Türkiýede geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 3-nji maslahaty ara alynyp maslahatlaşyldy.

Çawuşogly duşuşykdan soň metbugat işgärlerine beren beýanatynda Gazagystanyň Türkiýedäki harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň hökümete we türk halkyna goldaw berendigini ýatlatdy.

Agdarlyşyk synanyşygyny ýene-de bir gezek ýazgaran gazagystanly ministr Idrisow bolsa FETÖ garşy göreş üçin iki ýurduň arasynda iş toparynyň döredilendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar