“Azerbaýjanyň territorial bütewiligi üpjün edilmelidir”

Azerbaýjanyň Prezidenti paýtagt Bakuwda başlaýan Halkara ynsanperwer forumyň açylyş dabarasynda çykyş etdi

579418
“Azerbaýjanyň territorial bütewiligi üpjün edilmelidir”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ermeni güýçleriň gözegçiligi astynda bolan Daglyk Garabag sebitiniň taryhy we hukuk taýdan ýurdunyň bir bölegidigini belläp: “Azerbaýjanyň territorial bütewiligi üpjün edilmelidir” diýdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti paýtagt Bakuwda başlaýan Halkara ynsanperwer forumyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Prezident Aliýew köp sanda syýasatçynyň we döwlet işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän forumda eden çykyşynda soňky wagtlarda barha dartgynlaşýan çaknyşyklara, bosgun dramalaryna we Günbatar ýurtlaryndaky radikalizme ünsleri çekdi.

Aliýew: “Ýewropada geçirilýän saýlawlara ser salanymyzda radikal güýçleriň has köp goldaw alýandygyny görüp bolýar. Bu hem Ýewropada radikalizme sebäp bolýar. Bu örän howply pozisiýa. Biz medeniýetler diýalogy barada gürleşýäris, emma siwilizasiýalaryň çaknyşyklarynyň netijelerini hem görýäris” diýdi.



Degişli Habarlar