Azerbaýjanda geçirilen Bütindünýä Küşt olimpiadasy tamamlandy
Türkiýe Bütindünýä Küşt olimpiadasynda 6-njy oruna mynasyp boldy
570797

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda 42-nji gezek geçirilýän küşt olipiadasynda Türkiýe açyk kategoriýada 6-njy oruna mynasyp boldy.
176 ýurtdan 325 küştçiniň gatnaşmagynda geçirilen Bütindünýä Küşt olimpiadasy tamam boldy.
Açyk kategoriýada ABŞ, zenanlar kategoriýasynda bolsa Hytaý 1-nji oruna mynasyp boldy.
Küşt olipiadasynda 10 türgen bilen bäsleşen Türkiýe açyk kategoriýada 7 utuk, 2 deňme-deňlik we 2 ýeňiliş bilen 6-njy oruna mynasyp bolup, Türkiýe satranç olimpiadasynyň bu kategoriýasynda iň gowy derejä eýe boldy.