Jamala Stambulda konsert programmasy bilen çykyş etdi

Jamala konserdine “Stambulda bolmak hoşal”diýip başlady

555757
Jamala Stambulda konsert programmasy bilen çykyş etdi
jamala istanbul konser1.jpg

Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginde 1944 atly aýdymy bilen ýeňiji bolan Krymly tatar aýdymçy Jamala Stambulda konsert programmasy bilen çykyş etdi.

Jamala Harbiýe Jemil Topuzly açyk howa sahnasyndaky konserdine “Stambulda bolmak hoşal”diýip başlady.

Konserdinde iňlisçe we türkçe aýdymlary ýerine ýetiren Jamala “Enewatan” atly aýdymyny ýerine ýetirmezden öň “Biz watanymyzdan aýry ýaşamagyň nämedigini bilýäris. Watanymyzdan aslyda sürgünde ýaşadyk emma bir watanymyz bar. Watan üçin ölen şehitlerimizi uly hormat bilen ýatlaýarys” diýip belledi.

Jamalanyň Krym tatarlarynyň sürgünini gürrüň berýän 1944 atly aýdymy bilen kakasy Alym Jamaladinowyň akordion çalmagynda ýerine ýetiren “Meni gamdan halas etd” atly aýdymy hemmeleriň göwnünden turdy.

 



Degişli Habarlar