Türkiýeden DKTR-na 19 million m3 suw akdyryldy

“Asryň taslamasy” atlandyrylýan “DKTR-ny suw bilen üpjün etmek taslamasynyň” çäginde Anamur dragon derýasynyň ugrunda gurulan Alaköprü bendinden alynýan suw Girnedäki Geçitköý bendine ýetirildi

552954
Türkiýeden DKTR-na 19 million m3 suw akdyryldy

Prezident R.T.Erdoganyň “DKTR-nyň suw meselesinin dolulygyna çözülmegi” barada görkezme bermeginden soň uzak ýyllardan bäri suw ýetmezçiligini çekýän Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň suwa bolan islegini kanagatlandyrmak üçin “DKTR-ny suw bilen üpjün etmek taslamasy” düzülipdi.

Taslamanyň çäginde 2015-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkiýeden üznüksiz görnüşde DKTR-na suw akdyrylmaga başlandy. Awgust aýyna çenli 19 million m3 suw bilen dolan Geçitköý bendi 72 göterime çenli doldy.

Taslama arkaly DKTR-nyň uzak möhletli suw isleginiň kanagatlandyrylmagy üçin ada ýylda 75 million m3 suw akdyrylar.


Etiketkalar: #DKTR , #agyz suwy , #Türkiýe , #taslama

Degişli Habarlar