Azerbaýjanyň Prezidenti Russiýanyň Goranmak ministrini kabul etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjan-Russiýa gatnaşyklarynyň ýokary derejede bolmagynyň sebitdäki meseleleriň çözgüdine goşant goşjakdygyny mälim etdi

551883
Azerbaýjanyň Prezidenti Russiýanyň Goranmak ministrini kabul etdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu iş sapary bilen Azerbaýjana bardy we ol ýerde ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Azerbaýjanyň Prezident diwany tarapyndan berilen beýanata görä Aliýew duşuşykda Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň üstünlikli ýagdaýda geçendigini belledi.

Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Azerbaýjana guran soňky saparyny ýatladan we kärdeşi bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini habar beren Aliýew Azerbaýjan-Russiýa gatnaşyklarynyň ýokary derejede bolmagynyň sebitdäki meseleleriň çözgüdine goşant goşjakdygyny mälim etdi.

Aliýew şeýle hem Şoýgunyň saparynyň iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklaryň özgermegine goşant goşjakdygyny nygtady.

Russiýanyň Goranmak ministri Şoýgu hem Putiniň Azerbaýjana guran saparynyň iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklaryň ösmegi taýdan wajypdygyna ünsi çekdi.

Russiýada geçirilen Halkara harby oýunlarda Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň işjeň gatnaşmagy sebäpli sag bolsun aýdan Şoýgu Bakuwa guraýan saparynyň çäginde Aliýew-Putin duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň ýola goýulmagy üçin gepleşikler geçirjekdigini habar berdi.

Sergeý Şoýgunyň Azerbaýjan sapary şu gün hem dowam eder.



Degişli Habarlar