Türkmenistan—ABŞ: medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

24-nji iýulda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Nýu-Ýorkuň Metropoliten-muzeýinde “Köşk dünýäsi we Älem: seljuklaryň beýik eýýamy” ady bilen 27-nji aprelde başlap, üç aýa golaý dowam eden sergi öz işini tamamlanar

535510
Türkmenistan—ABŞ: medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Şunuň ýaly wekilçilikli gözden geçirilişe ýurdumyz ilkinji gezek gatnaşdy. Onda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Köneürşenjiň muzeýiniň gymmatlykldary görkezildi.

Bu çäräniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilmegi has-da ähmiýetlidir. Çünki onda köpsanly daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar seljuk imperiýasynyň gülläp ösen döwrüni äşgär edýän ähmiýetli gymmatlyklar bilen tanyşdyryldy.

Serginiň işine gatnaşanlar taryhy gymmatlyklar bilen tanşyp, onuň ady rowaýata öwrülen Beýik seljuk döwletiniň gadymy medeniýeti we sungaty bilen tanyşmaga oňyn mümkinçiligi döredendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Metropoliten muzeýiniň Yslam sungaty departamentiniň baştutany Şeýla Kenbi Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde serginiň esasy ugurlary, wezipeleri we ýurdumyzyň muzeýleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň berdi.

-- Serginiň esasy ugry hem-de ony guramagyň maksady barada   aýtsaňyzlaň?

-- Hemişelik gözden geçirilişi ýola goýanymyzdan soň, ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça sergileri guramaga taýýarlyk görmek wagtynyň ýetendigini duýduk. Şunlukda, biziň ugrumyza degişli gymmatlyklary görkezmek, şeýle hem yslam sungatynyň iň wajyp tapgyrlarynyň birine täzeden garamak mümkinçiligini döretjek ugur barada oýlandyk. Seljuklar sungaty hut şu ugra laýyk gelýär. Ozal seljuklar döwletine bagyşlanan ýörite sergi hiç haçan guralmandy. Şeýlelikde, bu gözden geçirilişi guramagyň wagtynyň ýetendigini aýtmak isleýärin.

-- Sergide Türkmenistandan başga ýene-de haýsy ýurtlar öz gymmatlyklaryny görkezdi?

-- Sergide Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Kanadadan, Irlandiýadan, Beýie Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Daniýadan, Italiýadan, Gresiýadan, Gruziýadan, Kuweýtden, Saud Arabystanyndan, Katardan hususyýetçileriň we döwlet edaralarynyň ygtyýarynda bar bolan gymmatlyklar görkezildi.

-- Seljuklar eýýamynyň sungatyna göz ýetirmekde siziň üçin haýsy ugur has möhüm hem-de gymmatly bolup durýar? 

-- Bu babatda goşmaça bir zat aýdasym gelýär. Ol hem Gadymy Merwdäki Soltan Sanjaryň, Yspyhandaky Jami metjidiň, Konýedäki, Siwasdaky we Diwrigidäki seljuklar döwrüniň binalarydyr. Şu binagärlik ýadygärlikleri we olaryň mirasdüşerleri syrçaly senetkärçiligi ýokary derejä göterdiler we dürli şekilli metal hem-de ajaýyp ýüpek, dokma önümlerini döretdiler.

-- Siziň pikiriňizçe, sungatyň seljuk ugry boldumyka ýa-da bu gürrüň häzirki zaman sungat taryhçylarynyň   ýörelgesimikä?

-- Bu barada kesgitli bir zat aýtmak örän çylşyrymly bolup durýar. Eýranyň seljuk sungaty diýip atlandyrýan sungat eserleriniň köpüsi diýen ýaly seljuklar döwletiniň synan döwrüne – 1194-nji ýyla,  mongollaryň çozuşyndan öňki döwre XIII asyryň 20-nji ýyllaryna  gabat gelýär.  Ýöne şol bir wagtyň özünde hem bu sungat seljuk sungaty diýip atlandyrylýar. Çünki onuň görnüşi we ýerine ýetirilişi seljuklar we olaryň mirasdüşerleri bilen baglanyşyklydyr. Olar seljkularyň we olaryň mirasdüşenleriniň howandarlygynda ýerine ýetirilipdi.

-- Häzirki zaman sanly tehnologiýalary muzeý sergisine täsir edýärmi we şonuň bilen baglylykda Metropoliten-muzeýiniň guraýan sergisiniň bezegine we mazmunyna bolan çemeleşmeler üýtgedimi?

-- Howa, gürrüňsiz üýtgedi. Bu gezekki sergide küýzeleriň her bir böleklerini goşmaça şekiller bilen açyp görkezmek üçin sanly tehnologiýalary ulandyk. Eger şol bolmadyk bolsa, onda senetkärçiligiň ähli ugurlaryna göz ýetirip bolmazdy. Şeýle hem bizde tebigy we binagärlik aýratynlyklarynyň şekili bar. Munuň özi görkezilýän gymmatlyklara öz döwrüne we ýerleşen ýerine görä göz ýetirmek mümkinçiligini üpjün edýär. Sergä gelýänler bu täzelige oňyn baha berdiler.

-- Muzeýiň netijeliligi we onuň esasy wezipeleri nämelerden ybarat?

-- Eger gysgaça aýtsak, biziň maksadymyz gymmatlyklary ýygnamakdan, öwrenmekden, saklamakdan we ony görkezmekden ybarat. Ýöne biziň işimiziň düýp mazmuny sungatyň adamlaryň ruhuny götermegini we olaryň dünýäniň ýurtlarynyň medeniýeti we taryhy bilen tanyşmagyny üpjün etmekden ybarat. 

-- Metropoliten-muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen sergini Türkmenistanda guramak meýli barmy, eger şeýle bolsa siz haýsy mowzugy teklip ederdiýiz?

-- Munuň özi örän ajaýyp pikir, ol biziň medeni gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrar. Öz tarapymdan bu pikiri  ikelläp goldaýaryn. Serginiň mowzugy barada zerur çözgütler kabul edilenden soň gürrüň edip bolar. Meniň pikirimçe, siziň ýurduňyzyň halkyny XVII  asyryň ahyryndan XX asyryň başlaryna degişli 12 müň gymmatlygy özünde jemleýän “Amerikanyň bezeg sungaty” gaznasynyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak has-da gyzykly bolsa gerek. Siziň bilşiňiz ýaly, muzeýiň gaznasynda nusgawy Antik we Gadymy Müsür döwründen häzirki zamanyň ähli ussatlarynyň diýen ýaly eserlerine we döreden heýkellerine çenli bolan gymmatlyklar bar. Şunlukda siziň ýurduňyzda sergi guralsa, onuň gymmatlyklary barada türkmen tarapy aýtmaly bolar. (TDH)



Degişli Habarlar