Liderler Garabag hakynda pikir alyşdy

Liderler çaknyşyklaryň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň dowam etmegine minnetdarlyk bildirdi

515099
Liderler Garabag hakynda pikir alyşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew we Ermenistanyň Prezidenti Serž Sarkisýan Daglyk Garabag meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin düýn Russiýanyň San Peterburg şäherinde duşuşdy.

Konstantinowsky köşgünde bolan duşuşykdan soň bilelikdäki jarnama kabul edildi.

Kremliň internet saýtynda berlen maglumata görä, Aliýew bilen Sarkisýan Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda 16-njy maýda Wenada geçirlen maslahatda gazanylan front liniýasynda durnuklylygyň üpjün edilmegi we Daglyk Garabagda parahatçylyk etabynyň tamamlanmagy üçin amatly atmosferanyň döredilmegi hakyndaky ylalaşyga laýyk hereket etjekdiklerini nygtadylar.

Aliýew bilen Sarkisýan şol maksada laýyklykda çaknyşyk sebitinde halkara synçylaryň sanynyň artdyrylmagyny kabul etdi.

Liderler çaknyşyklaryň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň dowam etmegine minnetdarlyk bildirdi.

Daglyk Garabag meselesinde giňişleýin pikir alyşan Aliýew bilen Sarkisýan meseläniň çözülmegi üçin amatly şertiň döredilmegi babatynda hem ylalaşyk gazandy.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Prezidenti Putin ilki Aliýew, soň bolsa Sarkisýan bilen aýry aýry duşuşdy.

 



Degişli Habarlar