Hytaý musulmanlaryň remezan aýynda agyz beklemegini bökdeýär

Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda gullukçylaryň, talyplaryň we çagalaryň agyz beklemegi gadagan edildi

505730
Hytaý musulmanlaryň remezan aýynda agyz beklemegini bökdeýär

Hytaýyň Komunist partiýasy birnäçe ýyldan bäri bolşy ýaly bu ýyl hem musulmanlaryň remezan aýynda agyz beklemegini bökdemäge synanşýar.

Hytaýyň hökümetinine ýakyn internet saýtlary uýgurlaryň köpçülikleýin ýaşaýan Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda gullukçylaryň, talyplaryň we çagalaryň agyz beklemegini gadagan edendigini habar berdi.

10 milliondan gowrak musulman uýguryň ýaşaýan ýerlerinde käbir naharhanalaryň gündizlerine açyk bolmagy üçin görkezme berildi.

Sinjan Uýgur Awtanomiýasynyň Korla şäheriniň internet saýtynda berlen duýduryşda “Partiýalaryň agzalary, gullukçylar, talyplar we çagalar Remezan aýynda agyz beklemeli däl we dini çärelere gatnaşmaly däl”diýildi.

Tieleži şäherçesiniň ýolbaşçylaryndan Ahmetjan Tohti partiýanyň agzalarynyň, gullukçylaryň, talyplaryň we çagalaryň remezan aýynda metjitlere gitmeginiň gadagan edilendigini belledi.

Çäklendirmelere nägilelik bildiren Bütin dünýä uýgur kongresiniň metbugat geňeşçisi Dilşat Raşit, “Hytaý uýgurlaryň ynanjynyň Pekiniň liderlerine howp salýandygy barada pikir edýär” diýdi.

 


Etiketkalar: #gadagan , #agyz beklemek

Degişli Habarlar