TİKA Hoja Ahmet Ýasawy türbediniň daş-töweregini abatlar.

Türk hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugy TİKA Gazagystandaky Hoja Ahmet Ýasawy türbediniň daş-töweregini abatlar

490849
TİKA  Hoja Ahmet Ýasawy türbediniň daş-töweregini abatlar.

TİKA-nyň Astanadaky wekilhanasynyň utgaşdyryjysy Mehmet Bodur, Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrliginiň islegine laýyklykda TİKA-nyň Türkistan şäherinde ýerleşýän Hoja Ahmet Ýasawy türbediniň daş-töweregini  abatlajakdygyny aýtdy.

Türbediň hem TİKA tarapyndan restowratsiýa edilendigini ýatladan Bodur, “Türbet Türkistan şäheriniň gurlan gününiň 1500 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çäginde iki ýurduň prezidentleri tarapyndan açylypdy” diýdi.

Türbediň tanyşdyrylyş işleriniň hem TİKA tarapyndan alnyp barylýandygyny aýdan Bodur, Ahmet Ýasawy türbediniň tanyşdyrylyş işleriniň çäginde gazak, türk, rus we iňlis dillerinden 100 müň sany kytapjygyň neşir edilendigini belledi.

 



Degişli Habarlar