Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

489849
Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

Düýn türkmen Lideriniň Belarus Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň dostlukly ýurduň paýtagtyndaky täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Minsk şäherinde ýokary derejede türkmen-belarus gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ýola goýlan, däp bolşy ýaly, netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy. Dostlukly döwletleriň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda geçirilen nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde uzakmöhletli geljek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

 

Söwda-ykdysady we medeni – ynsanperwer  ulgamlarda netijeli türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Taraplaryň strategiki hyzmatdaşlygyň ruhuna laýyk gelýän deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary dowam etdirmek meýli belarusyň paýtagtynda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen işewürlik duşuşygynyň çäklerinde hem tassyklanyldy. Şeýle hem şu günler Minsk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilýändigini bellemelidiris. 

 

...Irden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Zaslawl” döwlet kabulhanasyndan Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.

 

Bu ýere iki döwletiň Hökümetleriniň agzalary, Belarus Respublikasyndaky işleýän daşary ýurt wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçüliklenýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri ýygnandylar.

 

Düýnki waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatynyň aýdyň netijesidir. Bu syýasat Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär. Ilçihananyň täze binalar toplumy – bu  okgunly ösýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň nyşanydyr we şol bir wagtyň özünde, Bitarap hem Garaşsyz döwletimiziň durmuşyň ähli ulgamlarynda gazanan uly üstünlikleriniň subutnamasydyr.

 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň Minsk şäherindäki binalar toplumynyň düýbi döwlet Baştutanymyzyň Belarus Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda tutuldy.

 

Üç gatly ak mermerli bina Minsk şäheriniň iň meşhur etraplarynyň birinde guruldy. Toplumyň binagärlik keşbinde döwrebap gurluşyk ýörelgeleri hem-de türkmen  binagärliginiň we milli bezegiň gadymdan gelýän däpleri öz beýanyny tapdy. Bu ýerde edara binasy, ýaşaýyş jaýy we degişli tehniki desgalar ýerleşýär.

 

Awtoulagyň ýanynda milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.

 

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň arasynda ildeşlerimiz, şol sanda dostlukly ýurduň okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar hem az bolmady. Olar döwlet Baştutanymyzy “Arkadaga şöhrat!” diýen sözler bilen mähirli garşylaýarlar. 

 

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, bu toplumy bina eden gurluşyk kompaniýasynyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz ýokary hilli ýerine ýetirilen işler üçin gurluşyklçylara minnetdarlyk bildirdi we olara berk jan saglyk hem-de üstünlikler arzuw etdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol ýerde Belarus Respublikasynda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen gysga söhbetdeşlik geçirdi.

 

Soňra dabaranyň geçirilýän ýerine belarus Lideriniň awtoulag kerweni gelýär. Milli  lybasly gyzlar Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gül desselerini gowşurýarlar.

 

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşýarlar hem-de ýörite niýetlenen ýere barýarlar.

 

Şu gün bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar. Türkmen artistleri ajaýyp döredijilik sowgadyny taýýarladylar. Medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly we tansly çykyşlarda täze taryhy eýýamy, parahatçylyk hem-de döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny wasp edýärler. Türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Arkadagyň ak ýollary bilen” diýen aýdym ýaňlanýar, soňra küştdepdi halk tansy ýerine ýetirilýär. Olar çykyşyny “Ýaşasyn türkmen-belarus dostlugy!” diýen sözler bilen tamamladylar.

 

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary   tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Ilçihanasynyň edara binasynyň esasy girelgesine tarap ugraýarlar.

 

Bu ýerde Baýdak sütüni ornaşdyrylypdyr. Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň Ýaşyl tugy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar.

 

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

 

Dabaraly pursat  gelip ýetýär. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda türkmen we belarus Liderleri  toý bagyny kesýärler hem-de binanyň eýwanyna girýärler.

 

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky “Mukam” ýaş skripkaçylar topary garşylaýar. Zehinli ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň döreden sazlary ýaňlanýar.

 

Meýdany  5615 inedördül metre barabar bolan binada diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň iş otaglary hem-de gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen otaglar, konsullyk bölümi, arhwi otagy ýerleşýär. Olaryň ählisi  döwrebap edara mebeli hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde maslahatlar zallary, sergi zaly we banket zaly ýerleşýär.

 

Awtoulag duralgasy, aşhana we naharhana hem işgärleriň ygtyýaryndadyr. Toplumyň çäginde uly gyşky bag bar.

 

Soňra iki döwletiň Baştutanlary Ilçihananyň täze edara binasy bilen tanyşýarlar. Bu ýerde diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilipdir.

 

Edara binasynyň birinji gatynda konsullyk bölümi ýerleşýär. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentlerine bu  bölümiň işiniň aýratynlyklary we esasy wezipeleri barada gürrüň berilýär. Bu ýerde konsullyk gullugynyň işinde ulanylýan döwrebap tehnikalar ornaşdyrylypdyr. Bu ýere gelýänler üçin kabulhana örän giňdir, onuň içki bezegi hem göwnejaý ýerine ýetirilipdir. Kabulhanada maglumat beriji gollanmalar hem-de resminamalaryň dürli görnüşlerini doldurmagyň nusgalary goýlupdyr.

 

Soňra Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Liderleri “Gyşky bag” zalyna tarap ugraýarlar.

 

Zalyň merkezinde sekizgyraňlyk görnüşinde birleşdirilen iki plita ornaşdyrylypdyr. Onda aňyrsy görnüp duran kub ýerleşdirilipdir. Şol piramidada bu ýerde 2014-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň  düýbi tutuldy diýen ýazgy bar.

 

Alyp baryjy dabarany açyk diýip yglan edýär. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde türkmen-belarus gatnaşyklary netijeli we yzygiderli häsiýete eýedir hem-de iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine ösdürilýär. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we özara ynanyşmak, taraplaryň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhümdigine düşünilmegi döwletara gatnaşyklarynyň esasy aýratynlyklarydyr. Şu gezekki  ýokary derejedäki gepleşikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Minsk şäherinde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň binalar toplumynyň açylmagy türkmen-belarus gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar ýazylar hem-de netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam eder.

 

Ilki bilen dabara gatnaşyjylaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  çykyş etdi.

 

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary mübärekläp, Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagynyň ähmiýetini nygtady. Türkmen Lideri bu ýerde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýerleşjekdigini aýdyp, bu toplumyň gurluşygynyň barşynda hemmetaraplaýyn goldaw berlendigi hem-de bu ýerde iň oňaýly şertleriň döredilendigi üçin Prezident Aleksandr Lukaşenko we Belarus Respublikasynyň Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutanýerli zähmeti üçin taslamany düzüjileriň, inženerleriň, gurluşykçylaryň adyna hem minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 2014-nji ýylyň oktýabrynda, bu binanyň düýbi tutulan mahalynda, taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändikleri barada aýdylypdy. Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň işi hut şu maksatlara gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de täze binada belarusly dostlarymyzyň Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty bilen has ýakyndan tanşyp biljekdiklerini, bu ýerde diňe bir diplomatlaryň arasynda däl, eýsem, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda hem duşuşyklaryň geçiriljekdigini nygtady.

 

Türkmenistanyň Minsk şäherindäki Ilçihanasynyň işi iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine laýyk gelmelidir, olara mahsus bolan birek-birege hormat goýmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmalydyr, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etmelidir. Munuň üçin bizde ähli şertler bar. Munuň şeýledigini şu gezekki resmi sapar hem-de Prezident Aleksandr Lukaşenko bilen geçirilen gepleşikler hem tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

 

Döwlet Baştutanymyz türkmen-belarus gatnaşyklary barada durup geçip, olaryň açyk hem-de özara ynanyşmak häsiýetine eýedigini aýratyn nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakyky dostlugyň, özara hormat goýmagyň, birek-birege ynanmagyň hem-de deňhukuklylygyň ajaýyp mysaly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okgunly ösüşi, köpugurlylygy, strategiki wezipelere oňat düşünilýändigini döwletara hyzmatdaşlygynyň aýratynlyklary  hökmünde görkezdi.

 

Milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň bardygyny belläp, ýüze çykýan ähli meseleleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýän geňeşmeleriň hem-de duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändingini kanagatlanma bilen nygtady. Biz öz gatnaşyklarymyzda toplanan oňyn tejribä hem-de hyzmatdaşlygyň däplerine, bizi birleşdirýän esasy gymmatlyklara, ruhy ýörelgelere daýanýarys diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

 

Türkmen-belarus gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we geljegine hem-de ählumumy ösüşiň ýörelgelerine garaýyşlarda doly özara düşünişmek bilen häsiýetlendirilýär. Berk we uzak möhletli parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine çemeleşmeleriň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi munuň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistan we Belarus Respublikasy halkara işlerinde deňhukuklylyk we adalatlylyk, durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş edýärler, dünýä bileleşiginiň ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmek boýunça edýän tagallalaryny goldaýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  nygtady.

 

Biziň ýurtlarymyz abraýly dünýä we sebit düzümleriniň – Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hem ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Biz halkara giňişliginde birek-biregi goldaýarys, munuň özi bolsa oňyn netijeleri berýär, sebitdäki hem-de bütin dünýädäki ýagdaýa oňyn täsir edýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we şeýle çemeleşmäniň özara bähbitlere, dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak baradaky uzakmöhletli maksatlaryna laýyk gelýändigini belledi.

 

Döwlet Baştutanymyz syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, özara ynanyşmagyň hem-de düşünişmegiň biziň ýurtlarymyza söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk ýylsaýyn berkeýär, giňelýär, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ulag ulgamyny, obasenagat toplumyny, himiýa, dag-magdan we dokma senagatyny, saglygy goraýşy we derman senagatyny hem-de beýleki birnäçe ugurlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Belarusuň bilelikdäki  giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýändiklerini, önümçilik babatda has-da ýakynlaşýandyklaryny aýtdy. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary okgunly ösýär. Bu ugurda işewürler forumlary yzygiderli geçirilýär, türkmen we belarus harytlarynyň hem-de hyzmatlarynyň sergi-ýarmarkalary guralýar.

 

Biz medeni – gumanitar gatnaşyklaryň baý tejribesini topladyk, häzirki wagtda ol türkmen we belarus halklarynyň ýakynlaşmagynyň hem-de özara düşünişmeginiň möhüm şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz  sözüni dowam etdi we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini aýratyn nygtady. Häzirki döwürde türkmenistanly talyplaryň 9 müňe golaýy Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Biziň ýaşlarymyz Belarusy gowy bilýärler hem-de söýýärler diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de olaryň iki halkyň we döwletiň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  türkmen ýaşlaryna ýokary hilli bilim almak babatda döredilen mümkinçilik üçin belarus tarapyna minnatdarlyk bildirdi.

 

Biziň ýurtlarymyzyň paýtagtlarynda hem-de beýleki şäherlerinde geçirilýän dürli halkara medeni çärelere – forumlara, festiwallara, ylmy-amaly maslahatlara we okuw maslahatlaryna, syýahatçylyk sergilerine hem-de sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin wekiliýetleriň alşylmagy däbe öwrüldi diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň Minsk şäherinde bolmak bilen hemişe onuň ýaşaýjylarynyň myhmansöýerligini hem-de hoşniýetliligini, belarus halkynyň ýurdumyza uly sarpa  bilen garaýandygyny duýýandygyny aýratyn belledi. Bu duýgulary taraplaryň ikisi hem başdan geçirýär diýsem, ýalňyşmasam gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanda Belarusa uly hormat-sarpa goýýandyklaryny,  bu ýurduň gazanýan üstünliklerine begenýändiklerini, onuň özboluşly medeniýetini oňat bilýändiklerini we ýokary baha berýändiklerini, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, zähmetsöýerligi , watansöýüjiligi üçin belaruslara tüýs ýürekden hormat goýýandyklaryny nygtady. Türkmen halkyna hem mahsus bolan bu häsiýetleri häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarymyzda hem giňden ulanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  sözüni dowam etdi.

 

Jaý toýy—bu hemişe uly baýramçylykdyr, biz onuň bilen geljege, täzelenişe, bellän meýilnamalarymyzyň amala aşyrylmagyna   bolan umytlarymyzy baglanyşdyrýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda şu günki dabaranyň çuňňur many-mazmuna eýedigini nygtady. Ol geljekki bilelikdäki döredijilikli işe ymtylmany, döwletlerimiziň, hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe gitmek meýlini alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň ajaýyp binasynyň dostlugyň we özara düşünişmegiň berk binýadynda durjakdygyna, onuň gapylarynyň belarus dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz üçin hemişe açyk boljakdygyna ynam bildirdi.

 

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  türkmen diplomatlaryny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, “Täze jaýyňyz gutly bolsun! Rysgal, döwletli bolsun! Ýurt garşy alsyn!” diýip aýtdy we hemmelere berk jan saglyk hem-de üstünlikler arzuw etdi.

 

Belarus Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Ol Türkmenistanyň şu  dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Belarus Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ähli ýurtlary, şol sanda biziň döwletlerimiz üçin hem şanly günlerde, Beýik Ýeňşiň baýramçylyk edilýän günlerinde doganlyk Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagynyň  çuňňur manysy bardyr.

 

Bir ýarym ýyl mundan ozal  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde bu binanyň binýady tutuldy diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy we häzirki wagtda belarus paýtagtynyň mynasyp binagärlik bezegine öwrülen desganyň gurlandygyny nygtady. Toplumyň gurluşygynyň ähli tapgyrlarynda bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine uly üns berildi diýip, dostlukly döwletiň Baştutany sözüni dowam etdi. Munuň özi döwrebap düzümi döretmäge, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmaga degişli boldy. Prezident Aleksandr Lukaşenko Ilçihananyň belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüljekdigini belläp, türkmen diplomatlarynyň iki halkyň arasyndaky dostlugy hem-de döwletleriň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

 

Belarus Lideri medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň wajypdygy barada aýdyp, Belarusda türkmenistanly talyplaryň köpsanlysynyň okaýandygyny nygtady. Olar geljekde türkmen-belarus gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda tagalla ederler.

 

Prezident Aleksandr Lukaşenko şu günki wakanyň ähmiýetini belledi. Bu waka taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin häsiýete eýedigine ynam bildirýändiklerini, olaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezýär. Dostlukly  ýurduň Baştutany türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, Türkmenistanda bilelikde gurulýan iri desgalaryň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde giň möçberli taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi.

 

Prezident Aleksandr Lukaşenko ilçihananyň işgärlerini täze jaý toýy bilen gutlap hem-de olara üstünlikli işlemegi arzuw edip, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasyna hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigine ynandyrdy.

 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko täze toplum bilen tanyşlygy dowam edip, liftde binanyň ikinji gatyna galdylar hem-de bu ýerde ýerleşen özboluşly medeni merkeze baryp gördüler. Onda türkmen halkynyň baý taryhyna hem-de özboluşly medeniýetine bagyşlanan köpugurly sergi ýaýbaňlandyryldy. Ýörite gurnalan tekjelerde, diwarlyklarda  hem-de sergi stollarynda saz gurallarynyň, durmuşda ulanýan zatlaryň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň nusgalary hem-de halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän beýleki köpsanly gymmatlyklar ýerleşdirildi.

 

Bu ýerde türkmen zergärleriniň önümleri hem goýlupdyr. Olaryň arasynda täsin gadymy gymmatbaha metallardan ýasalan şaý-sepleri hem-de häzirki döwrüň ussalarynyň ajaýyp we owadan önümleri bar. Zenanlar, erkekler we çagalar üçin niýetlenen milli lybaslar hem görkezilýär. Türkmen zenanlarynyň däp bolan lybaslary täsin nagyşlary bilen tapawutlanýar.

 

Türkmen suratkeşleriniň mähriban topragymyzyň gözelligini wasp edýän, milletimiziň ruhubelentligini, onuň täze taryhy eýýamyň belentliklerine ymtylmasyny açyp görkezýän eserleri hem ünsüňi çekýär. Görkezilýän zatlaryň arasynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini şekillendirýän suratlar bar. Mundan başga-da, bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgalary goýlupdyr.

 

Serginiň bir bölegi ýurdumyzyň Döwlet neşirýat gullugynyň ýokary hilli önümleri önümlerinden ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, 2015-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Metbugat merkeziniň täze toplumy açyldy. Bu ýerde neşirýat senagatyny üstünlikli ösdürmek, çap edilýän gazetleriň, neşirleriň hem-de neşirýat hyzmatlarynyň möçberini artdyrmak üçin ähli şertler döredildi.

 

Neşir önümleriniň arasynda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri -- “Döwlet guşy”,  "Janly rowaýat”,  “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”,  “Gadamy batly  bedew”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Ile döwlet geler bolsa…”, “Türkmenistan-- abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy”, “Suw-ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi”, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan—melhemler mekany”, “Çaý-melhem hem ylham” atly kitaplary we beýleki eserleri aýratyn orun eýeleýär.

 

Sergide görkezilýän gymmatlyklaryň arasynda häzirki Türkmenistan we halkymyzyň taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berýän kitaplar, türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri bar.

 

Şu ýerde fito-bar hem ýerleşýär. Onda türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden demleýän hoşboý ysly çaýdan hem-de melhemlik mineral suwlardan dadyp görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň baý ösümlik dünýäsi köp müňýyllyklaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edipdir. Ýurdumyzyň çäginde ösýän dermanlyk ösümlikleri örän oňat bilýän milli Liderimiz olara özüniň düýpli ylmy işleriniň birini – “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik kitabyny bagyşlady.

 

Iki dostlukly döwletiň Liderleri maslahatlar üçin niýetlenen kiçi zala hem baryp gördüler.

 

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary Ilçihananyň   täze binasynyň üçünji gatyna galyp, bu ýerde ýerleşýän otaglary synladylar.

 

Ýurdumyzyň Minsk şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň esasy binasy bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdylar.

 

Bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň Baştutanlarynda elde dokalan türkmen halylary gowşuryldy. Belarus Liderine Köýtendagyň ajaýyp ýerleri hem-de meşhur ahalteke bedewleri şekillendirilen haly sowgat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa belarus tebigatynyň gözelligi ussatlyk bilen şekillendirilen haly gowşuryldy.

 

Soňra iki dostlukly döwletiň Liderleri Ilçihananyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýyna tarap ugraýarlar. 8 gatly jaýyň umumy meýdany 1622 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde 4 otagly öýleriň 2-si, 3 otagly öýleriň 2-si hem-de 2 otagly öýleriň 4-si ýerleşýär. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri 1-nji gatda ýerleşýän öýleriň birine barýarlar we türkmen diplomatlarynyň  ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşýarlar. Öýleriň ählisi oňaýly ýerleşişi bilen tapawutlanýar. Zerur bolan mebeller, durmuşda ulanylýan tehnika we beýlekiler täze öýlere göçüp baranlaryň ygtyýaryndadyr.

 

Ilçihananyň täze binalar toplumy bilen tanyşlykdan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko diplomatik wekilhananyň işgärlerine iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy, netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça  alyp barýan asylly işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

 

Milli Liderimiz belarusly kärdeşi bilen mähirli hoşlaşyp, açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli häsiýeti üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

 

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, Minsk şäheriniň Milli howa menziline tarap ugrady.

 

Bu ýerde, howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarusuň ýokary okuw medeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen gysgajyk söhbetdeşligi boldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylara döwrebap bilim almagy, Watanymyza ýokary hünärli hünärmenler bolup gaýdyp geleninden soň, olaryň Türkmenistanyň okgunly ösmegine, döwletimiziň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga mynasyp goşant goşmagyny arzuw etdi.

 

Öz nobatynda, talyplar berýän uly ünsi hem-de atalyk aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýaşlara bilimlere tarap giň ýol açdy.  Türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň wekilleriniň belleýşi ýaly, olar üçin döredilen ajaýyp şertler bilimleri hem-de hünär endiklerini çuňňur özleşdirmäge mümkinçilik berýär, olar daşary ýurtda Garaşsyz Türkmenistana wekilçilik etmegiň ynanylandygyna baýsanýarlar. Talyplar özleri üçin eziz Watanymyzyň abadançylygyny artdyrmak we ony gülledip ösdürmek işine mynasyp goşant goşmakdan wajyp zadyň ýokdugyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

     

Soňra döwlet Baştutanymyz özüne garaşýan “Boeing” uçaryna münüp, Aşgabada tarap ugur aldy.

 

12-nji maýyň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline gondy, bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.



Degişli Habarlar