Fich Ratings Gazagystan bilen Mozambigiň kredit balyny aşaklatdy

Nebitiň nyrhynyň aşaklamagy ballaryň aşaklamagyna sebäp boldy

481347
Fich Ratings Gazagystan bilen Mozambigiň kredit balyny aşaklatdy

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fich Ratings Gazagystan bilen Mozambigiň kredit balyny aşaklatdy.

Gurama tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Gazagystanyň walýuta boýunça kredit balyny “BBB+” dan “BBB”-ä, ýerli pul birligine boýunça kredit balyny hem “A-“dan “BBB”-a çenli aşakladandygyny we umumy ýagdaýyny hem “durgun hökmünde kesgitländigi nygtaldy

Kredit balynyň aşakladylmagy hakynda berlen beýanatda, nebitiň nyrhynyň aşaklamagy sebäpli Gazak hökümetiniň infstruktura maýa goýumlary üçin Milli Nebit Gaznasy NERK-den peýdalanýandygy nygtaldy.

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Mozambigiň walýuta we ýerli pul birligi boýunça kredit balyny “B”den “CCC”-e düşürendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar