ÝB Krym Tatar milli mejlisiniň ýapylmagyna garşylyk görkezdi

"Krym tatar milli mejlisini ýapmagy we radikal guramalaryň sanawyna alynmagy Krym tatarlarynyň hak-hukuklaryna garşy guralan hüjümdir"

479013
ÝB Krym Tatar milli mejlisiniň ýapylmagyna  garşylyk görkezdi

ÝB Russiýa tarapyndan anneksirlenen Krymda Tatar milli mejlisiniň ýapylmagyna we radikal guramalaryň sanawyna alynmagyna berk garşylyk görkezdi.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini tarapyndan berlen beýanatda “Kagyz ýüzünde Krymyň Ýokary kaziýetiniň” Krym tatar milli mejlisini ýapmagynyň we radikal guramalaryň sanawyna alynmagynyň Krym tatarlarynyň hak-hukuklaryna garşy guralan hüjümdigi nygtaldy.

Beýanatda kararyň 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan basylyp alynmagyndan bäri Krym ýarymadasyndaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny açyk-aýdyň görkezýändigi bellenildi.

Beýanatda Russiýanyň halkara hukuk kadalaryna we adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasyna laýyklykdaky hereket etmelidigi ýatladyldy.

 

 


Etiketkalar: #ÝB , #reaksiýa

Degişli Habarlar