ŞHG-yň milli howpsyzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň maslahaty Daşkentde geçirilýär

ŞHG sebitde terrora we neşe söwdasyna garşy göreşde esasy rol oýnaýan gurama ýagdaýyna geldi

470818
ŞHG-yň milli howpsyzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň maslahaty Daşkentde geçirilýär

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň milli howpsyzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň maslahaty Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilýär.

Özbegistanyň Milli howpsyzlyk geňeşiniň Baş sekretary Wiktor Mahmudow maslahatyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde sebitde howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy.

Mahmudow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitde terrora we neşe söwdasyna garşy göreşde esasy rol oýnaýan gurama ýagdaýyna gelendigini ýatlatdy.

Mahmudow maslahatda sebitara howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi we global howplara garşy göreşde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin möhüm kararlaryň kabul ediljekdigine ynanýandygyny nygtady.

Maslahata Hytaýyň Döwlet geňeşiniň agzasy we jemgyýetiň howpsyzlygy ministri Guo Şengkun, Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew, Gazagystanyň Howpsyzlyk geňeşiniň sekretary Nurlan Ermekbaýew, Gyrgyzystanyň Goranmak geňeşiniň sekretary Temir Jumakadirow, Täjigistanyň Howpsyzlyk geňeşiniň sekretary Abdurahim Kahharow we Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Raşid Alimow gatnaşýar.



Degişli Habarlar