Russiýa Özbegistanyň 865 million dollarlyk bergisini geçer

Özbegistan ady agzalýan şertnamanyň güýje girmeginden soň Russiýa diňe 25 million dollarlyk bergisini tölär

466740
Russiýa Özbegistanyň  865 million dollarlyk bergisini geçer

Russiýa Özbegistanyň ozalky Sowet Soýuzy döwrüne degişli Almaz gaznasyndaky paýyndan ýüz üwürmeginiň öwezine 865 million dollarlyk bergisini geçer.

Prezident Wladimir Putin iki ýurduň arasynda ozal baglaşylan taraplaryň maliýe meselesinde gozgalan işlerden ýüz öwürmegini göz öňünde tutýan şertnamanyň tasyklanmagy hakyndaky kanuna gol goýdy.

Özbegisýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, 25-nji martda Russiýanyň Döwlet Dumasy, 30-njy martda hem Federassiýa geňeşi tarapyndan tasyklanan kanun düýn Prezident Putininiň goly bilen güýje girdi.

Putiniň 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Daşkende guran resmi saparynyň çäginde gol çekişilen ady agzalýan şertnama görä, taraplar ozalky Sowet soýuzy döwrüne degişli gozgalan maliýe işlerden ýüz öwürýär.

Özbegistanyň ozalky Sowet soýuzynyň Almaz gaznasynyň paýlaşylmagy hakyndaky kaziýet işinden ýüz üwürmeginiň öwezine Russiýa hem şol ýurduň 865 million dollarlyk bergisini geçýär.

Özbegistan ady agzalýan şertnamanyň güýje girmeginden soň Russiýa diňe 25 million dollarlyk bergisini tölär.



Degişli Habarlar