Türk ýolbaşçylar Azerbaýjana duýgudaşlyk bildirdi

Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda ýüze çykan çaknyşykda 12 azerbaýjanly esgeriň şehit bolmagy sebäpli Azerbaýjana ilkinji bolup Türkiýe duýgudaşlyk bildirdi

463610
Türk ýolbaşçylar Azerbaýjana duýgudaşlyk bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan kärdeşi Ilham Aliýewe jaň edip gynanjyny bildirdi.

Prezident Erdogan türk halkynyň adyndan azerbaýjanly esgerler üçin Alladan rehnet, şikes ýetenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny diledi.

Azerbaýjana goldawlarynyň dowam etdiriljekdigini aýdan Prezident Erdogan çaknyşyklaryň öňüni alyp bilmeýän ABŞ, Russiýa we Fransiýa ýaly ýurtlardan ybarat bolan Minsk toparyny günäkärledi.

Minsk toparynyň çaknyşyklary aňsat çemeleşmeginiň bular ýaly netijelere getirendigini nygtan Erdogan: “Minsk topary bu meselede adalatly netije alan bolan halatynda bu günlere gelmezdik" diýdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bolsa öz gezeginde doldaw we duýgudaşlyk üçin Prezident Erdogana we türk halkyna sag bolsun aýtdy.

Ermenistan-Azerbaýjan çaknyşyklarynda we Ýokary Karabag meselesiniň çözgüdinde Türkiýäniň hemişe Azerbaýjana beren goldawy üçin minnetdardygyny aýdan Ilham Aliýew türk halkyny hem hormatlady.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewe jaň edip duýgudaşlyk bildirdi.

Aliýew telefon söhbetdeşliginde Premýer ministr Dawutoglyna Azerbaýjanyň goşunynyň Ermenistanyň prowokasiýalaryna erjellik görkezendigini we gerek bolan jogabyny berendigini belledi.

Dawutogly hem Ermenistanyň prowokasiýalarynyň öňüniň alynmagy sebäpli gutlady.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem azerbaýjanly kärdeşi Elmar Memmedýarowa jaň edip Ermenistan bilen front liniýasynda ýüze çykan çaknyşykda şehit bolan azerbaýjanly esgerler üçin gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar