GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylara

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylara

462275
GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylara

Gadyrly myhmanlar! Eziz watandaşlar!

Sizi Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy barha ösdürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan häzirki döwürde taryhy özgerişlere beslenip, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar bagtyýar halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösmegi türkmen jemgyýetiniň täze derejelere göterilmegi, milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin zerur şertleri döredýär.

Häzirki döwürde biz dünýä döwletleri bilen ýola goýan özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirýän medeni çärelerimiz Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende göterýär.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi Turkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Gadyrly dostlar! Hormatly myhmanlar!

Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň mekany bolan Daşoguz şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap özgerişlere beslenip, barha gülläp ösýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daşoguz topragy türkmen halkynyň şöhratly taryhynda mynasyp orny eýeleýär. Bu gadymy toprakda Mahmyt Zamahşary, Mahmyt Pälwan, Aşyk Aýdyň pir, Nurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende, Gurbanaly Magrupy ýaly akyldarlar, alymlar we şahyrlar dürli döwürlerde ýaşapdyrlar we ajaýyp eserleri döredipdirler. Milli aýdym-saz sungatymyzyň özboluşly ugurlarynyň biri bolan dessançylyk däbiniň Daşoguz topragynda has ýörgünli bolmagy halkymyz üçin aýratyn buýsançlydyr. 2015-nji ýylda halkymyzyň «Görogly» şadessanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bolsa, milli maddy däl medeni mirasymyza halkara derejesinde uly hormat goýulýandygyna şaýatlyk edýär.

Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylaryň Köneürgenç ýadygärlikler toplumyna baryp, taryhy ýadygärliklerimiz bilen tanyşmaklary türkmen halkynyň bay medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde we daşary ýurtlarda wagyz etmekde, şeýle hem türkmen medeniýetiniň gadymylygyny dünýä ýaýmakda özboluşly ähmiýete eýedir. Ýurdumyza gelýän syýahatçylarda, jahankeşdelerde aýratyn gyzyklanma döredýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumy türkmen halkynyň milli mirasyny, şöhratly taryhyny, gadymy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp ýerleriň biridir.

Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň, şeýle hem Türkmenistanyň meşhur alymlarynyň, taryhçylarynyň, muzeý işgärleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda birnäçe halkara derejesindäki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny has-da baýlaşdyrmakda, medeni mirasyny gorap saklamakda we wagyz etmekde möhüm ähmiýete eye bolar.

Biz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çärelere uly ähmiýet berýäris. Çünki, halkara derejesinde geçirilýän şeýle çäreler dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä ýaýylmagyna uly itergi berýär.

Eziz watandaşlar! Hormatly myhmanlar!

Siziň ähliňizi Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!



Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

(TDH)



Degişli Habarlar