Türkmen taekwondoçylarynyň üstünlikleri we kikboksçylaryň ýene ýedi medaly

Gazagystanyň Almaty şäherinde geçýän taekwondo boýunça (ITF ugury) ýetginjekleriň we ulularyň arasynda Aziýanyň çempionatynda türkmen taekwondoçylary üstünlikli çykyşlaryny dowam etdirýärler

460814
Türkmen taekwondoçylarynyň üstünlikleri we kikboksçylaryň ýene ýedi medaly

Düýn ýaryşyň ikinji gününde, ildeşlerimiz erkekleriň we zenanlaryň arasynda şahsy tutluşyklarda ýene üç medal—iki kümüş we bir bürünç medal gazandylar.

On ýedi ýurtdan ýüzlerçe türgeni özüne ýygnan Aziýa çempionatynyň birinji gününde türkmenistanly türgenleriň şahsy we toparlaýyn tuli (toplumlaýyn maşklar) görnüşlerinde baýraklaryň 7-sine (altyn, iki kümüş we dört bürünç medallara) mynasyp bolandyklary ozal habar berlipdi. Şeýlelikde, iki günde ýygyndy toparymyzyň gazanan medallarynyň sany ona ýetdi. Bu görkeziji boýunça ildeşlerimiz yklymda iň güýçli toparlaryň öňdäki bäşligine girýär.

Ilkinji nobatda, 57 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp bolan Goşanyýaz Durdyýewiň üstünligini bellemek gerek. Marynyň 24-nji aýratyn zehinli çagalar mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aziýanyň bu çempionatynda has tejribeli türgenler bilen bäsleşige çykdy. Ol ussatlyk we güýç babatynda özünden uly hem-de tejribeli türgenlerden birjik-de pes oturmady. Ildeşimiziň çempionatyň finalyna çykmagy muňa güwä geçýär.

Ýarym finalda Goşanyýaz Hytaýyň ýygyndy toparyndan güýçli garşydaşyny nokaut bilen ýeňdi. Finalda türkmen türgeniniň garşysyna taekwondo söweş sungatynyň watany hasaplanýan Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň türgeni çykdy. Tutluşygyň esasy wagty deň tamamlandy. Goşmaça raunddan soň eminler biragyzdan bolmasa-da ýeňşi G.Durdyýewiň garşydaşyna berdiler. Netijede ildeşimiz kümüş medala mynasyp bolldy. Ýöne köpsanly hünärmenler geljegi uly bolan türkmen taekwondoçysynyň gazanjak esasy üstünlikleriniň heniz öňdedigine ynanýarlar.

Mähri Agaýewa hem bu gün ikinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň taekwondo (ITF) federasiýasynyň tälimçisi hem 51 kilograma çenli agram derejesindäki final tutluşygynda KHDR-yň wekili bilen duşuşdy we iki raundyň netijesi boýunça çekeleşikli göreşde garşydaşyndan ýeňildi.

50 kilograma çenli agram derejesinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Wepa Öwezow bürünç medala mynasyp boldy.

Bu institutda diňe bir geljekki medeniýet we sungat ussatlaryny taýýarlaman, olarda beden taýdan sagdynlygy we ruhy taýdan kämilligi terbiýeleýärler.

Aziýa çempionatynyň tamamlanmagyna ýene iki gün bar. Bu iki günde türgenler toparlaýyn bäsleiklerde we «öz-özüňi goramak» görnüşinde güýç synanyşarlar. Ozal geçen şeýle ýaryşlaryň netijeleri türgenlerimiziň eýýäm gazanylan on baýragyň üstüni täze baýraklar bilen ýetirmäge oňat mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

***

Ýakynda Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde geçirilen kikboksing boýunça däp bolan halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler: olar alty altyn we bir kümüş medala mynasyp boldular. Bu bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň umumy toparlaýyn hasapda birinji orny almagyny üpjün etdi.

Ýaryşlara 12 ýurtdan – Russiýadan, Şweýsiýadan, Finlýadiýadan, Wengriýadan, Polşadan, Rumyniýadan, Belarusdan we beýleki döwletlerden türgenleriň 150-ä golaý gatnaşdy. Bäsleşikler birnäçe ugurlar boýunça guraldy. Türkmenistanlylar üç ugur—lou-kik, ful-kontakt we K-1 boýunça tapawutlandylar.

Şameret Hallyýew, Muhammet Altybaýew, Merdan Mämmedow, Şöhrat Ýagmyrow ( Milli sport we syýahatçylyk institutlaryň talyplary), Ramil Kasymow we Ylham Geldimämmedow dürli agram derejelerinde ýeňiş gazandylar. Ismaýil Ataýew kümüş medaly eýeledi. Ýeňiş gazanan türgenler Aşgabadyň toplumlaýyn sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Aleksandr Snagowskiniň, Rejep Hojamämmedowyň, Salyh Mamekowyň, şeýle hem Şöhrat Annamedowyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.

Mälim bolşy ýaly, kikboksing Ýapyk binalardawe söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna giriziler. Şu gezekki Rigada gazanylan üstünlik biziň türgenlerimiziň ýurdumyzda geçiriljek yklym derejeli toplumlaýyn bäsleşiklerde hem ýokary ussatlyk görkezip, Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende göterjekdiklerine ynam döredýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň kikboksçylar ýygyndy topary iri halkara ýaryşlaryna – 8-11-nji aprel aralygynda Antaliýada (Türkiýe) geçiriljek ýaryşa we Dünýäniň kubogy ugrundaky bäsleşiklere taýýarlyk görýärler. Ol Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriler. (TDH



Degişli Habarlar