Wengriýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban Azerbaýjanda saparda boldy

446108
Wengriýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar


Ministrler we uly işewür adamlary bilen Azerbaýjana baran Wiktor Orban resmi saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Aliýew özara we toparara gepleşiklerden soň beren beýanatynda Wengriýanyň Azerbaýjan üçin ýakyn we dost ýurtydygyny, jenap Orbanyň saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagynda esasy rol oýnajakdygyny aýtdy.

Geçen ýyl Wengriýanyň Azerbaýjana edýän eksportynyň ýokarlandygyny aýdan Aliýew; “Wengriýa bilen Azerbaýjan strategik hyzmatdaşdyklaryny ýene-de bir gezek subut etdi. Wengriýa garaşsyz syýasat alyp barýar. Iki ýurduň arasynda birnäçe ugurda meňzeşlikler bar. Şol sebäpli hem Wengriýa dünýäde we Ýewropada dowam edýän krizisden ýaramaz täsirlenmedi" diýdi.

Nebitiň bahalaryndaky durnuksyzlyk sebäpli ykdysady taýdan kynçylyk çekilýändigini ýatladan Orban hem, Azerbaýjanyň hökümetiniň şol ýagdaýyň hötdesinden gelýändigini belledi.

Wiktor Orbanyň saparynyň çäginde Azerbaýjan bilen Wengriýanyň arasynda bilim we iş we sosial üpjünçilik ýaly birnäçe ugur boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan şertnamalara gol çekişildi.



Degişli Habarlar