Mesheti türkleriniň ilkinji topary Türkiýä geldi

Prezident R.T.Erdoganyň görkezmesi we Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň utgaşdyryjylygynda Türkiýä ýerleşdiriljek mesheti türkleriniň ilkinji topary Erzinjan welaýatyna geldi

444214
Mesheti türkleriniň ilkinji topary Türkiýä geldi

1944-nji ýyldan bäri sürgünde bolan mesheti türkleriniň watan hesreti dynar. Ukrainadaky mesheti türkleri sebitde başdan geçirilýän çaknyşyklardan zyýan çekýänligi sebäpli Türkiýe işe girişdi.

Migrasiýa edarasy Ministrler kabinetiniň kararyna laýyklykda degişli taýarlyklary gördi. Ýörite düzgünnama bilen Ukrainadaky doganlyk halka Türkiýä ýerleşme mümkinçiligi döredildi.

Ukrainadan Erzinjan welaýatynyň Üzümli etrabyna 2015-nji ýylyň 25-nji dekabrynda getirilen 439,116 maşgaladan ybarat bolan ilkinji topardan soň 177 adamdan ybarat 35 mesheti türki maşhalasy Ukrainanyň gündogaryndaky Harkowdan Türkiýä getirildi. Türkiýede jemi 677 maşgala ýerleşdiriler.

İlkinji topar Erzinjan welaýatynyň Üzümli etrabyna ýerleşdirildi. Beýleki topar bolsa Bitlis welaýatyna ornaşdyrylar.

Mesheti türkleri 1944-nji ýylda Sowet lideri Stalin tarapyndan ýük otlulylary bilen ene ýurtlaryndan Orta Aziýa sürülip, Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana ýerleşdirildiler.

Şol sürgüniň Staliniň Gara deňiziň kenarlaryny türki halklardan saplamak baradaky operasiýasynyň bir bölegini emele getirýändigi Sowet Soýuzy dargandan soň arhiwlerdäki resminamalar arkaly ýüze çykdy.

Mesheti türkleriň gussaly sürgüninde müňlerçe adam pida bolupdy.


Degişli Habarlar