Akynjy bilen Anastasiadis ýaňadandan duşuşdy

Duşuşyk 3,5 sagat dowam etdi

440502
Akynjy bilen  Anastasiadis ýaňadandan duşuşdy

Demirgazyk Kipr Türk Rerspublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis Kipr gepleşikleriniň çäginde ýaňadandan duşuşdy.

BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakda bolan duşuşyk 3,5 sagat dowam etdi.

Duşuşyga BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite kömekçisi Espen Bart Aýde bilen iki tarapyň adyndan gepleşikleri alyp baryjylar gatnaşdy.

Liderler duşuşykda mart aýynda geçiriljek gepleşikleri wagtyny hem kestitledi.

BMG tarapyndan berlen beýanata görä liderler ilki 11-nji martda , soň bolsa 28-nji martda duşuşar.

Iki lider gepleşik etabyndaky esasy ugurlary Grek tarapynda maý aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryndan soň ara alyp maslahatlaşar.


Etiketkalar: #DKTR , #duşuşyk , #ara zolak , #BMG

Degişli Habarlar