Türkmen küştçüleriniň üstünlikleri

Türkmen küştçüleri türgenlerimiziň halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini dowam etdiler

437528
Türkmen küştçüleriniň üstünlikleri

Eýran Yslam Respublikasynyň Zyba Kenar şäherinde geçen «Hazaryň kubogy» atly abraýly ýaryşda bu gadymy paýhas oýny bilen meşgullanýan ussatlarymyz zenanlar toparynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýaryşyň açylyş dabarasyna dünýäniň ozalky çempiony Anatoliý Karpow gatnaşdy. Dünýä meşhur küştçi iň güýçli türgenler bilen bir wagtda küşt oýnap bäsleşdi. Ýaryş Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Niderlandlardan, Polşadan, Litwadan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden—jemi 15 ýurda wekilçilik edýän 700-den gowrak küştçini özünde jemledi.

Toparymyzyň düzüminde Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, FIDE-niň ussady Ogulgerek Atabaýewa tapawutlandy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanmagy başardy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewden küşt oýnunyňň inçe syrlaryny öwrenýän bu küştçümiz ýedi döwde ynamly ýeňiş gazandy, bir döwde deňlige razylaşyp, ýene bir döwde, ýaryşda ýeňiji bolan tähranly küştçi Zahetdifar Ananita bilen bolan duşuşygynda şowsuzlyga uçrady. Ogulgerek ýeňijiden bary-ýogy 0,5 utuk yza galdy.

Ýaryşda üçünji orun ugrunda 7 utuk toplan küştçüleriň ikisi—ildeşimiz Jemal Öwezdurdyýewa bilen ABŞ-ly küştçi Arab Kian bäsleşdiler. Bu ýerde baýrakly üçünji ornuň ykbalyny küştçüleriň sport görkezijileriniň gatnaşygy çözdi. Bu babatda türkmen küştçüsiniň görkezijisi garşydaşynyňkydan ýokary boldy. Netije-de, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewden tälim alýan 18 ýaşly küştçümiz bürünç medala mynasyp boldy. Indi J. Öwezdurdyýewanyň halkara sanawynda gazanan derejesi 1956-a barabar bolup, bu netije ýaş küştçümizi FIDE-niň ussady halkara adyna mynasyp bolmaga ep-esli golaýlaşdyrdy.

Toparymyzyň düzüminde Hurma Weliýewanyň gazanan netijesini hem agzap geçmek gerek. Ol 6 utuk toplap, iň güýçli küştçüleriň onlugyna düşmegi başardy. 20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň 2015-nji ýylda çempiony Maýa Ýalkanowa bu ýaryşda 5 utuk toplap, sport ussatlygyna dalaşgär derejesiniň talaplaryny ýerine ýetirdi.

Indi türkmen küştçüleri olimpiýa derejesindäki ýaryşa taýýarlyk görerler. Şu ýylyň sentýabr aýynda 42-nji Bütindünýä küşt olimpiadasy bolar. Bu ýaryşa 175 döwletden 2 müňe golaý küştçi gatnaşar. Ýaz pasly geçiriljek erkekleriň we zenanlaryň ýokary ligasynda Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri boýunça milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitleniler.(TDH)



Degişli Habarlar