Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri

Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy

403209
Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar kögünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda giňden bellenýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu giň möçberli çäre şanly senä belarus dostlarymyzyň ajaýyp döredijilik sowgady bolar. Bu bolsa ählumumy parahatçylyga we ösüşe ymtylýan döwletleriň we halklaryň gatnaşyklaryny ösdürmekde medeniýet ulgamynyň ähmiýetini ýene bir gezek aýdyň görkezýär.

Döredijilik wekiliýetleriniň işjeň gatnaşyklary hem türkmen we belarus halklarynyň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bolan islegine güwä geçýär. Bu geçirilýän medeni çäre 2010-njy ýylyň iýunynda Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçen iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşyklarynyň özboluşly dowamy bolup durýar. 2012-nji ýylyň aprelinde Belarus medeniýetniň günleri Türkmenistanda geçirildi, 2014-nji ýylyň iýulynda bolsa türkmen medeniýeti Belarus şäherleriniň ikisinde – Minskde we Bobruýskda görkezildi.

2012-nji ýylda Belarus döwlet sirkinde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary uly üstünlik bilen geçdi. Belarus paýtagtynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy giňden we uly dabara bilen bellenildi. Ol ýerde beýik şahyryň belarus dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Belarus Respublikasy türkmen tarapynyň dürli halkara ylmy maslahatlary, sergileri, döredijilik forumlaryny geçirmek baradaky başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we şeýle çärelere işjeň gatnaşýar. Türkmen paýtagtynyň konsert zallarynyň sahnalarynda belarusyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkonyň ýolbaşçylygynda meşhur “Sýabry” topary, şeýle hem belarusyň halk artistleri Ýadwig Poplawskaýa hem-de Aleksandr Tihanowiç birnäçe gezek çykyş etdiler.

Bu gün Aşgabat ýene-de Belarus Respublikasyndan gelen myhmanlary garşylaýar. Belarus Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Irina Driganyň ýolbaşçylygyndaky dostlukly ýurduň uly döredijilik wekiliýetiniň düzümine belli toparlar, sungat ussatlary, režissiýorlar, ýazyjylar we suratkeşler girdiler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, paýtagtymyzyň döredijilik intellgensiýasynyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň açylyş dabarasynda giň möçberli türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, doganlyk halklaryň dostlugyny we özara düşünişmegini, iki doganlyk ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bu çäräniň ähmiýeti nygtaldy.

Belarys Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, biziň gatnaşyklarymyz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Biz Belarus topragynda faşizm bilen gahrymanlarça söweşen türkmenistanlylary ýadymyzda saklaýarys. Bu gün halklarymyzyň taryhy baglanyşyklary has hem pugtalanýar. Biziň döwletlerimiziň baştutanlary gatnaşyklary pugtalandyrmak babatynda uly işleri durmuşa geçirýärler. Medeni gymmatlyklaryň üsti bilen dost-doganlyk has hem pugtalanýar. Bu asylly işe öz goşandymyzy goşýandygymyza biz örän şatdyrys diýip, Irina Driga türkmenistanlylary Bitaraplygyň 20 ýyllygy mynasybetli gyzgyn gutlamak bilen aýtdy.

Dabara gatnaşanlar iki döwletiň Liderleri - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko köpugurly türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny öňe sürýändikleri, doganlyk halklaryň gazananlary barada has köp bilmäge, döredijilik meýillerini we başlangyçlaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän bu ajaýyp baýramçylygy guramak üçin eden tagallalaryna hoşallyk bildirdiler.

Soňra belarus medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň esasyny halk sazlary we tanslary, opera çykyşlary, meşhur aýdymlar, şeýle hem 1970-80-nji ýyllaryň estradasynyň ýatdan çykmajak aýdymlary düzdi. Tomaşaçylar meşhur “Horoşki” Belarus toparynyň ussatlygyna uzak wagtlap el çarpdylar. Belarus Respublikasynyň Döwlet baýragynyň eýesi, Belarusyň halk artisti Walentina Gaýewaýa bu topara indi 40 ýyldan gowrak wagt bäri ýolbaşçylyk edýär. Bu topar “Rus gyşy”, “Moskwa ýyldyzlary”, “Daşkendiň altyn güýzi”, “Kiýewiň bahary”, San-remo (Italiýa) ýaly ençeme abraýly halkara gözden geçirilişlere gatnaşdy. “Horoşki” topary öz konserti bilen tutuş Ýewropa aýlandy. Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bolan – Siriýada, Iordaniýada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, şeýle hem Liwiýada, Hindistanda, Ýaponiýada we Hytaýda uly üstinlik bilen çykyş etdiler.

Toparyň her bir çykyşy halkyň taryhyny alamatlandyrýan täsirli kiçijik tans spektaklydyr. Onda tans sungaty gadymy saz gurallary, liranyň, žaleýkanyň, dudanyň, sitranyň owazlary bilen ajaýyp baglanyşygy emele getirýär. Tomaşaçylar ajaýyp milli tanslary ýerine ýetirýän tansçylaryň örän owadan hereketlerine haýran galmak bilen tomaşa etdiler.

Köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur aýdymlary ýerine ýetirip, türkmenistanlylary şatlandyran “Pesnýary” toparyny we Belarus Respublikasynyň halk artistleri Ýadwiga Poplawskaýany hem-de Aleksandr Tihanowiçi tomaşaçylar mähriban dostlary hökmünde garşyladylar.

Belarus Milli Akademiki opera we balet uly teatrynyň aýdymçysy, Belarus Respublikasynyň at gazanan artisti Nina Şarubinanyň dünýä aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyndan ýerine ýetiren eserlerine tomaşaçylar mynasyp baha berdiler.

Belarus Respublikasynyň at gazanan artisti Alýona Lanskaýanyň ýerine ýetirmeginde häzirki zaman belarus estradasynyň aýdymlary ýaňlandy.

“Aýly agşam” diýien belli türkmen aýdymynyň “Horoşki” aýdym-saz topary tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýdym-sazyň muşdaklaryna ajaýyp sowgat boldy.

Mukamlar köşgüniň kaşaň zalynda öz ýurtlarynyň ajaýyp sungatyny türkmenistanlylara sowgat eden belarus sungat ussatlarynyň hormatyna dowamly el çarpyşmalar uzak wagtlap ýaňlandy.

Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi, türkmen halkynyň medeni mirasyny, baýlygyny we özboluşlylygyny, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda medeniýet we sungat ulgamynda ýeten derejelerini şöhlelendirdi.

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dowam edýär. Onuň meýilnamasy dostlukly ýurduň taryhy, medeniýeti we aýdym-sazy barada köp zatlary bilmäge mümkinçilik berer. Ertir döredijilik forumynyň çäklerinde, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Belarus Respublikasynyň amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy bolar. Medeniýet pudagynda mundan beýläk hem özara gatnaşygyň mümkinçilikleri Belarus Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde geçiriljek duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylar. 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň duşuşygy bolar.

Indi halkara döredijilik forumynyň işine welaýat merkezleri hem işjeň gatnaşýarlar. Çarşenbe güni belarus artistleri Türkmenabada bararlar hem-de Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda çykyş ederler.

Şeýle hem türkmen tomaşaçylary Belarus režissiýorlarynyň kino işleri bilen hem tanyş bolup bilerler. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda ildeşlerimiz belarusda soňky ýyllarda döredilen “Ak gyrawlar. Gaýdyp geliş”, “Apostollaryň yzy”, “Belarus. Urşuň dört ýyly” ýaly filmlere tomaşa edip bilerler.

Döredijilik forumyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde 10-njy dekabrda geçiriljek Türkmenistanyň we Belarusyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti jemlär.

Belarus medeniýetiniň günleri 11-nji dekabrda açylýan Türkmenistanyň we Belarusyň önümleriniň bilelikdäki sergi-ýarmarkasynyň öňüsyrasynda geçýän möhüm ähmiýetli özboluşly döredijilik çäresi bolup durýar. Sergi-ýarmarkasynyň medeniýet bölümi belarus sungat ussatlarynyň çykyşyny, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini, halk ussatlarynyň okuw sapaklaryny öz içine alýar. Şeýle hem, sergide doganlyk belarus halkynyň şu güni barada gürrüň berýän “Belarus. ХХI asyr” atly dokumental film hem görkeziler.

Myhmanlar üçin türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri, taryhy ýadygärlikleri, Aşgabadyň we Türkmenabadyň muzeýleriniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşmagy öz içine alýan ýörite meýilnama taýýarlandy. Bu bolsa olara türkmen halknyň özboluşly medeniýeti, onuň gadymdan gelýän däp-dessurlary, şeýle hem täze taryhy eýýamda gazananlary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berer. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar