Hazar deňizinde dereksiz ýiten balykçylar gözlenýär

Azerbaýjanyň hökümeti öz ýurdunyň raýaty bolan 3 balykçynyň 1-niň jesedini tapdy

363717
Hazar deňizinde dereksiz ýiten balykçylar gözlenýär

Azerbaýjanyň Haçmaz sebitinden Hazar deňizine balyk tutmaga giden 3 balykçynyň 1-niň jesedi tapyldy, dereksiz ýiten 2 balykçynyň bolsa gözleg işleri dowam edýär.

24 sagadyň dowamynda habar alynyp bilinmedik balykçylaryň gözleg işleri düýn öýlän başlapdy. Gözleg işleri netijesinde 1 balykçynyň jesedi tapyldy.

Dereksiz ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin Azerbaýjanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy bilen birlikde dik uçarlar hem ulanylýar


Etiketkalar:

Degişli Habarlar