Gorkut Ata we türk dünýäsi atly ylmy konferensiýa geçirildi

Gorkut Ata we türk dünýäsi meselesi ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy

403234
 Gorkut Ata we türk dünýäsi atly ylmy konferensiýa geçirildi

Türkiýäniň Izmir şäheriniň Çeşme etrabynda ýaňy ýakynda 3-nji Halkara Gorkut Ata we türk dünýäsi atly ylmy konferensiýa geçirildi.
Ylmy konferensiýa Türkiýe, DKTR, Türkmenistan, Gazagystan, Hytaý Halk Respublikasy, Azerbaýjan, Özbegistan we Wengriýa ýaly dünýäniň çar tarapyndan gelen ylmy işgärler gatnaşdy.
5 gün dowam eden ylmy konferensiýanyn çäginde Gorkut Ata we türk dünýäsi meselesi ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Konferensiýa Türkmenistanyň adyndan gatnaşan ylmy işgärler hem Gorkut Atanyň türkmen edebiýatyndaky ýeri barada çykyş etdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar