Türk Gyzylaýy siriýaly türkmenlere kömek ugratdy

Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti Siriýanyn Baýyrbujak türkmen zolagyna mekdep gurluşygynda peýdalanmak üçin 30 konteýner ugratdy

330687
Türk Gyzylaýy siriýaly türkmenlere kömek ugratdy

Hataý welaýatynyň Ýaýladagy etrabyna gelen ulaglara ýüklenen konteýnerker Siriýa ugradylmak üçin Arfaly gümrük geçelgesine bardy.
Ol ýerde Siriýa tarapyndan gelen ulaglara ýüklenen enjamlar Baýurbujak türkmen zolagyna alynyp gidildi.
Kömegi kabul edip alan Siriýa Türkleri jemgyýetçilik guramasynyň kömekleriň paýlanmagyndan jogapkär işgäri Muhammed Kömürji, gelen kömegin Türkmen dagy etrabyna ugradylandygyny aýtdy.
Etrapda bombaly hüjümler sebäpli köp sanly mekdebiň ýykylandygyny nygtan Kömürji: “Siriýada durmuşa ähli kynçylyklara garamazdan dowam edýär. Çagalarymyza mekdep gerek. Öz mümkinçiliklerimiz bilen açan çadyr synplarymyz howa şertlerine amatly däl. Şol sebäpli gelen konteýnerlerden mekdep açarys” diýdi.
Kömürji özlerine ähli taraplaýyn goldaw berýän Türk ýarymgyzylaý jemgyýetine minnetdarlygyny bildirdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar