Türk demokratik partiýasy 25 ýaşynda

Makedoniýada Türk demokratik partiýasynyň döredilen gününiň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilýär

328752
Türk demokratik partiýasy 25 ýaşynda

Türk demokratik partiýasynyň başlygy Kenan Hasip, guralýan çäreleriň çäginde Makedoniýada bolýan TRT-niň baş müdiri üçin agşzaçar berdi.
Agzaçara Şenol Göka bilen birlikde Türkiýäniň Makedoniýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Ömür Şölendil, Kosowanyň Döwlet dolanşygy ministri Mahir Ýagjylar, TRT Awaz teleýaýlymynyň koordinatory Murat Akkoç, Türkiýäniň Ministrler kabinetiniň geňeşçilerinden Birol Dok we Türk demokratik partiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Kenan Hasip, çärelere gatnaşandygy üçin TRT-niň baş müdiri Göka sagbolsun aýtdy.
Makedoniýa Türk demokratik partiýasynyň 25 ýyllygy mynasybetli däbe öwrülen agzaçar beriler.
TRT-niň baş müdiri Şenol Gökanyň çağyrylan agzaçaryna Makedoniýanyň Prezidenti George İwanowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar