Akynjy bilen Anastasiadis birlikde medeni çärä gatnaşdy
Kipr meselesiniň yzygiderli ýagdaýda çözülmegi üçin tagalla edilýär.
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis birlikde medeni çärä gatnaşdy.
Lefkoşa şäher häkimligine degişli teatrda sahna goýlan oýuna tomaşa etmek üçin Limasolda duşuşan liderlere halk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri uly gyzyklanmaga görkezdi.
Kipriň soňky 60 ýylyny gürrüň berýän oýuna tomaşa eden iki lideriň metbugata beren beýanatynda parahatçylyk ýüzlenmesini berýärkä içgin çemeleşmeleri ünsleri özüne çekdi.
DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy Kipr meselesiniň çözüljekdigine ynanýandygyny we meseläniň çözülmegi üçin has ýokary tagalla edilmelidigini belledi.
Kipriň Grek böleginiň lideriniň Anastasiadis hem “Dostum Mustafa bilen birlikde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla ederis. Ýaş nesillere asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin mümkinçilik döretmelidiris” diýdi.
Degişli Habarlar

TBMM-niň Başlygy Şentop Azerbaýjana Gitdi
Şentop Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň 3-nji maslahatyna gatnaşar.