Türk dünýäsiniň Žurnalistleriniň 2-nji maslahaty geçirilýär

Türk dünýäsiniň Žurnalistleriniň 2-nji maslahaty Tatarystanda geçirilýär

291421
Türk dünýäsiniň Žurnalistleriniň 2-nji maslahaty geçirilýär

Türk dünýäsiniň Žurnalistleriniň 2-nji maslahaty Tatarystanda geçirilýär
İlkinjisi geçen ýyl Türkiýäniň Eskişehir şäherinde geçirlen Türk dünýäsiniň Žurnalistleriniň 2-nji maslahaty Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Gazan şäherinde geçirilýär.
Türk dünýäsiniň Žurnalistleriniň 2-nji maslahaty Tatmedýanyň başlygy Aýrat Zaripowyň, Mejlisiň başlygynyň orunbasary we Tatarystanyň Žurnalistler bileleşiginiň başlygy Rimma Ratnikowanyň we Türk dünýäsiniň Žurnalistler federassiýasynyň başlygy Menderes Demiriň, Türkiýe Respublikasynyň Gazan şäherindäki Baş konsuly Turhan Dilmajyň gatnaşmagyndaky serginiň açylmagy bilen öz işine başlady.
Türk dünýäsiniň Žurnalistleriniň 2-nji maslahatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirlen baýrak gowşurlyş dabarasynda Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka Türk dünýäsine eden hyzmatlary sebäpli baýrak gowşuryldy.
TRT Awaz kanaly hem Türk dünýäsiniň umumy medeniýetiniň goralyp saklanmagyna we ösdürilmegine goşýan goşandy sebäpli Türk dünýäsiniň metbugat baýragyna laýyk görüldi.
Türk dünýäsiniň Žurnalistleriniň 2-nji maslahatynda Türk dünýäsiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokarlandyrylmagy, umumy medeniýetiň ýaýbaňlandyrylmagy, umumy elipbiý we Türk dünýäsiniň žurnalistleriniň Türk Habar gullugynyň açylmagy ýaly meseleler seljerler

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar