Azerbaýjan harby türgenleşik geçirer

Azerbaýajanyň Ýaragly güýçleri ilkinji gezek ähli harby birlikleriň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirer

Azerbaýjan harby türgenleşik geçirer

5 gün dowam etjek harby türgenleşige 15 müň esger gatnaşar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, harby türgenleşige 15 müň esgeriň, 200 bronlanan ulagyň, 12 harby dik uçaryň we 8 harby uçaryň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Harby türgenleşikde gije şertlerinde gury ýer goşunynyň duşmana hüjüm etmegi, bronlanan ulaglaryň duşmanyň goranyş liniýasyny geçmegi we howa hüjümleriniň söweşjeň ukyplylygy ýaly taktiki manýowrlar özleşdiriler.

5-nji aprelde başlajak harby türgenleşik 5 gün dowam eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar