DKTR-yň Daşary işler ministri beýanat berdi

DKTR-nyň Daşary işler ministri Özdil Nami ýazmaça beýanatynda: “Netije alynjadygyna ynanýaryn” diýdi

DKTR-yň Daşary işler ministri beýanat berdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministri Özdil Nami Ortaýer deňizinde Kipriň grek bölegi üçin burawlaýyş işlerini alyp barýan "SAIPEM 1000" gämisiniň sebitden gidendigini habar berdi.

Özdil Nami tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Kipriň grek bölegi üçin burawlaýyş işlerini alyp barýan gäminiň şu gün sebitden gidendigi anyklanyldy. Şeýlelik bilen Barbaros Haýrettin Paşa seismalogiýa we gözleg-agtaryş gämisi hem şu gün sebitden gider” diýdi.

Ministr Nami Kipriň grek böleginiň liderlerine iň gysga möhletde iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň geçirilmäge başlanmagyny we 2014-nji ýylyň 11-nji fewralynda berlen Bilelikdäki beýanatdaky maksatlara laýyklykda dowam etdirilip, netije alynjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar