Hazar meselesi Bakuwda seljerildi

Iş toparynyň indiki maslahatynyň Tähranda geçirilmegi barada karar kabul edildi

250064
Hazar meselesi Bakuwda seljerildi

Hazar deňziniň statusynyň kesgitlenmegi baradaky tehniki komitetiň maslahaty Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirildi.
Maslahata Hazara kenardaş 5 ýurduň degişli ministrleriniň orunbasalary gatnaşdy
2 gün dowam eden maslahatda Hazar deňziniň hukuky statusy baradaky şertnamanyň tekstiniň taýarlanmagy meselesi seljerildi we iş toparynyň indiki maslahatynyň Tähranda geçirilmegi barada karar kabul edildi.
Maslahatda şeýle hem Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilmegi meýilleşdirlen Hazara kenardaş ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň ýokary derejeli 5-nji maslahatynyň geljek ýyl geçirilmegi barada karar kabul edildi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar