"Türk işewür adamlary Türkmenistanyň galkynyşyna goşant goşýar"

Berdimuhamedow Prezident Erdogan bilen iki çäk duşuşyk geçirdi

246291
"Türk işewür adamlary Türkmenistanyň galkynyşyna goşant goşýar"

Resmi sapar bilen Türkiýä gelen Türkmenistanyň Prezdidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäginde ilki Atatürkiň gubyr ýädigärlige bardy.
Atatürkiň gubyryna gül desselerini goýan we hormatly dymyşlyk eden Berdimuhedow Atatürkiň gubyr ýadigärligine :“Türkiýäniň görnükli döwlet işgäri, türk halkynyň wepaly ogly, öz ýurdunyň erkinligi we ýagty geljegi ugrunda ýalkymly göreşiji Musafa Kemal Atatürküň ýadygärligini hormatlamak bilen, bu beýik ynsanyň mertebesiniň örän belent tutulýandygynyň ýene-de bir gezek şaýady bolduk. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan beýik Atatürküň wesýetlerine wepaly doganlyk türk halkyna has ösen we kämil jemgyýetidöretmegiň ýolunda tüýs ýürekden uly üstünlikler arzuw edýärin!”diýip ýazdy.
Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylanan Berdimuhamedow Prezident Erdogan bilen iki çäk duşuşyk geçirdi.
Sebitara we halkara meselelere garalan duşuşykdan soň iki lider şertnamalar bukjasyna gol çekişdi.
Toparara gepleşiklere hem ýolbaşçylyk eden Erdogan bilen Berdimuhamedow soň bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi.
Prezident Erdogan beýanatynda türk firmalarynyň häzire çenli Türkmenistana 45 milliard dollarlyk maýa goýandygyny belledi we maýa goýumlaryň ýokarlandyrylmagy çagyryşyny berdi.
Myhman Prezident Berdimuhamedow hem Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini nygtady we “Türk işewür adamlary Türkmenistanyň galkynyşyna uly goşant goşýar”diýip belledi.
Ankarada geçiriljek resmi gepleşiklerden soň iki lider ertir Stambulda geçiriljek Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.
Türkmen liderleriniň Türkiýä guraýan resmi saparyna käbir ministrler ýoldaşlyk edýär.
Prezident R. T. Erdogan kärdeşi Berdimuhamedowyň hormatyna resmi agşam naharyny berer.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar