Wise-premýer Bülent Arynç DKTR-da saparda boldy

Arynç beren goldawlary sebäpli TRT-ä minnetdarlyk bildirdi

218461
Wise-premýer Bülent Arynç DKTR-da saparda boldy

Wise-premýer we Kiprden jogapkär Döwlet ministri Bülent Arynç Kipre guran iş saparynyň ikinji gününde Türkiýäniň ilçihanasynyň Ýardam toparynyň goldaw bermeginde gurlan Lefke Ýewropa uniwersitetiniň Saglygy goraýyş fakulteti bilen umumy ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Wise-premýer Arynç DKTR-nyň ilatynyň 1/4 böleginiň talyplardan ybaratdygyna we ýurtda birnäçe uniwersitetiň bardygyna ünsi çekdi.
Geçitkale bendine hem baryp gören Arynç Lefke we Güzelýurt şäherlerinde raýatlar bilen duşuşdy.
Wise-premýer Arynç düýn agşam hem Baýrak Radio-telewideniýe guramasynyň HD studiosynda ýaýlyma berlen ilkinji gepleşige gatnaşdy.
Arynç Baýrak Radio-telewideniýe guramasynyň HD studiosynyň TRT-nyň goşandy bilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmeginden hoşaldyklaryny belledi.
Wise-premýer Arynç beren goldawlary sebäpli Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-ä minnetdarlyk bildirdi.
Baýrak Radio-telewideniýe guramasynyň HD studiosynyň açylyş dabarasyna Wise-premýer Arynç bilen birlikde Türkiýäniň DKTR-da Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş içlisi Halil İbrahim Akça, TRT-niň Baş müdüriniň orunbasary Zeki Çiftçi bilen Baýrak Radio-telewideniýe guramasynyň Baş müdüri hem gatnaşdy.
Wise-premýer Bülent Arynç iki günlük iş saparyny tamamlap Türkiýä gaýdyp geldi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar