Gazagystan Ukraina ynsanperwer kömegini berdi

Gazagystan Ukrainanyň gündogaryna 350 tonna ynsanperwer kömegini ugratdy

Gazagystan Ukraina ynsanperwer kömegini berdi

Gazagystanyň hökümeti tarapyndan ugradylan azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi Ukrainanyň hökümetiniň gözegçiligindäki Sewerodonetsk şäherine ýetirildi.
Ukrainanyň ministrler kabinetinden berilen beýanatda Gazagystanyň hökümetiniň ýurduň gündogaryna 350 tonna azyk kömegini ugradandygy nygtaldy. Beýanatda şol kömegiň ýurduň gündogaryndaky Sewerodonetsk şäherine ýetirilendigi nygtalyp, otly bilen getirilen ynsanperwer kömeginiň düzüminde 128 tonna et konserwasynyň, 40 tonna şekeriň, 150 tonna gara bugdaýyň we 36 müň litr ösümlik ýagynyň bardygy beýan edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar