Milli olimpiýa komitetiniň agzalary Türkmenistana bardy

Aşgabatda ’’AIMAG’’ guramaçylyk komiteti, Aziýa Olimpiýa Geňşi we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň arasyndaky Ӑhtnama gol çekildi

208781
Milli  olimpiýa  komitetiniň agzalary Türkmenistana bardy


Şu gün Aşgabatda 2017-nji ýyl geçjek ’’ Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna’’ taýýarlygyñ çäklerinde Aşgabat “AIMAG” guramaçylyk komiteti, Aziýa Olimpiýa Geñeşi we Okeaniýanyñ Milli Olimpiýa Komitetleriniñ arasyndaky Ӑhtnama gol çekmek dabarasy boldy.


Dabarany Türkmenistanyñ Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow açyp, Türkmenistanyñ Halkara Olimpiýa hereketine önjeýli goşant goşýandygyny nygtady. V Aziýa Oýunlarynyñ bize ynanylmagy hem munyñ aýdyñ mysalydyr. Türkmenistan ruhybelentligiñ ýurdydyr. Ol dünýä sportynda öz ornuny eýýelär- diýip, Türkmenistanyñ Prezidenti belläp geçdi.


Soñra Türkmenistanyñ Döwlet Baştutany Aziýanyñ Olimpiýa Geñeşiniñ Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabaha söz berýär. Hormatly myhman öz çykyşynda “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V-Aziýa Oýunlarynyñ“ Türkmenistanda geçirilmegi özleri üçin uly hormatdygyny belledi. Okeaniýadan döwletleriñ bu Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşmagy-bu örän bellärlikli wakadyr- diýip myhman sözüni nygtady.


Soñra Türkmenistanyñ Prezidenti Okeaniýanyñ Milli Olimpiýa Komitetleriniñ Prezidenti Robin Mitçellä söz berýär.
Hormatly myhman öz çykyşynda Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçjek V Aziýa Oýunlaryna gatnaşmaga islegiñ köpdügini belledi.- Biz özümizi Türkmenistana has ýakyn döwletler hasaplaýarys. Biz bu uly sport ýaryşyna bir maşgala ýaly bolup gatnaşarys- diýip, myhman nygtady.

2017-nji ýylda Türkmenistanda geçjek “Ý apyk binalarda we söweş sungaty V Aziýa Oýunlaryna “ Aziýadan 45 döwletden, Okeaniýadan bolsa 17 döwletden türgenler gatnaşarlar.
Daşary ýurtly jurnalistleriñ 1 müñden gowragy V Aziýa Oýunlarynyñ geçişini dünýä aýan ederler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar