Azerbaýjan front liniýasynda harby türgenleşige başlady

Harby türgenleşikde roketa we topçy güýçleriniň mümkünçilikleri bilen Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerine täze alynan ýarag ulgamlary synagdan geçirildi

206410
Azerbaýjan front liniýasynda harby türgenleşige başlady

Ermenistanyň basyp alan ýeri Garabagda geçiren harby türgenleşiginden soň Azerbaýjan hem front liniýasynda harby türgenleşige başlady.
Türgenleşige Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen harby ýolbaşçylar gatnaşýar.
Hasanow Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň tabşyrygy boýunça söweş taýarlyklaryny gözden geçirmek üçin sebite gitdi.
Harby türgenleşikde roketa we topçy güýçleriniň mümkünçilikleri bilen Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerine täze alynan ýarag ulgamlary synagdan geçirildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar