Bişkekde türk harytlarynyň ýarmarkasy açyldy

Gyrgyzlar ýarmarka uly gyzyklanma görkezýär

157969
Bişkekde türk harytlarynyň ýarmarkasy açyldy

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkiýäniň senagatçylary we işewür adamlary jemgyýeti tarapyndan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Türk harytlarynyň 12-nji ýarmarkasy açyldy.
Gyrgyz Respublikasy bilen Türkiýäniň senagatçylary we işewür adamlary jemgyýetiniň başlygy Şewki Sarylar türk işewür adamlarynyň Gyrgyzystana has köp maýa goýmaklaryny maksat edinýändiklerini aýtdy.
Türkiýäniň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Metin Kylyç hem ýarmarkanyň gyrgyz halkynyň türk harytlary bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döretjekdigini belledi.
Gyrgyzlar ýarmarka uly gyzyklanma görkezýär.
Türk harytlarynyň 12-nji ýarmarkasyna Gyrgyz Respublikasyndan we Türkiýeden 40-a golaý firma gatnaşýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar