Hazar deňzinde harby türgenleşik geçirler

Azerbaýjanyň we Russiýanyň deňiz güýçleriniň Hazar deňzinde birlikde harby türgenleşik geçirer

156238
Hazar deňzinde harby türgenleşik geçirler

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow Azerbaýjanyň we Russiýanyň deňiz güýçleriniň Hazar deňzinde birlikde harby türgenleşik geçirjekdigini aýtdy.
Russiýa Federassiýasynyň Goranmak ministri goşun generaly Sergeý Soýgu Azerbaýjanda saparda bolýar.
Rus generaly Soýgu resmi saparynyň çäginde paýtagt Bakuwda Azerbaýjanyň Goranmak ministri Hasanow bilen duşuşdy.
Duşuşykdan soň iki ýurt 2015-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk teswirnamasyny baglaşdy.
Rus kärdeşi bilen metbugata beýanat beren Hasanow duşuşygyň netijeli geçendigini nygtap, Azerbaýjanyň we Russiýanyň deňiz güýçleriniň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny ýatlatdy.
Duşuşykda Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk edilmegi meselesiniň hem seljerlendigini aýdan Hasanow “Russiýa bilen Azerbaýjan Hazarda birlikde harby türgenleşik geçirer” diýip belledi.
Russiýanň Goranmak ministri Saýgu bolsa Astrahanda geçirlen “4-nji Hazar” maslahatynda kabul edilen kararlara laýyk hereket edýändiklerini belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar