Türkwizýon aýdym saz bäsleşigi Kazanda geçirler

Aýdym saz bäsleşigine şu ýl 24 ýurduń sungat ussatlary gatnaşar

145400
Türkwizýon aýdym saz bäsleşigi  Kazanda geçirler

Türkwizýon aýdym saz bäsleşigi şu ýyl Tatarystanyń paýtagty Kazanda geçirler.
Türk dünýäsiniń ýyldyzlary şu ýyl Tatarystanda kesgitlener.
2014 Türk dünýäsiniń medeni paýtagty hökmünde yglan eden Kazan 2-nji Türkwizýon aýdym saz bäsleşigine ýer eýeçiligini eder.
Aýdym saz bäsleşigine şu ýl 24 ýurduń sungat ussatlary gatnaşar.
Aýdym saz bäsleşiniń tanyşdyrylyş dabarasy Stambulda geçirildi . Dabarada Türkwizýon taslamasyna goldaw beren sungat ussatlaryna ýadigärlik sowgat gowşuryldy.
Kazanda geçiriljek bäsleşikde Türkiýäniń adyndan emin agzalygyna Sinan Akçyl saýlandy.
Türkwizýon aýdym saz bäsleşiginiń ýarym finaly 19-njy noýabrda, finaly bolsa 21-nji noýabrda geçirler.
Bäsleşik TRT Awaz we TRT Müzük kanaly arkaly alnyp görkeziler.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar